DÜNÝÄ
1 minut okamak
Süweýdadaky asuda ilat ewakuasiýa ediler
Bedewi taýpalar bilen druzlaryň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli Süweýdanyn töwereklerinde howpsuzlyk koridory açyldy
Süweýdadaky asuda ilat ewakuasiýa ediler
14 小时前

SANA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Siriýanyň Içeri işler ministrligi howpsuzlyk aladasy sebäpli Süweýda welaýatyndaky asuda ilatyň ewakuasiýa edilmegi boýunça karar kabul etdi.

Içeri işler müdüri Ahmed Al Dalati mesele hakynda beren beýannamasynda “asuta ilatyň howpsuz ýagdaýda ewakuasiýa edilmegini we ýagdaýyň kadalaşmagyndan soň howpsuz ýagdaýda öýlerine dolanmaklaryny maksat edinýäris” diýdi.

Sebitde howpsuzlygyň ýola goýulmagy we çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin howpsuzlyk koridoryny açandyklaryny aýdan Dalati,  howpsuzlyk koridorynyň sebitde durnuklylygyň ýola goýulmagy taýdan möhümdigini belledi.

Siriýanyň Süweýda welaýatynda bedewi taýpalar bilen druz söweşijileriň arasynda 13-nji iýulda çaknyşyklar başlapdy.

Ysraýyl druzlary goramak bahanasy bilen Damaska howa hüjümini gurady.

Emma Siriýadaky druzlaryň lideri daşarky güýçleriň tekliplerini kabul etmedi we Birleşen Siriýa döwletine goldaw berýändiklerini mälim etdi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us