Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ABŞ-nyň territoriýasynda Donald Tramp bilen duşuşyk geçirmek baradaky çakylygyny "şahsy ýeňiş" diýip häsiýetlendirdi we bu duşuşygyň Moskwa garşy sanksiýalary hasam yza süýşürjekdigini aýtdy.
Zelenskiý sişenbe güni metbugat işgärlerine: "Birinjiden, ABŞ-nyň territoriýasynda duşuşar, men ony şahsy ýeňiş hökmünde hasaplaýaryn. Ikinjiden, ABŞ-nyň territoriýasynda duşuşýandygy sebäpli izolýasiýadan çykýar. Üçünjiden, bu duşuşyk bilen sanksiýalary yza süýşürmegiň hötdesinden gelýär" diýdi.
Şeýle hem Zelenskiý Russiýanyň Kiýewe basyş etmek we eglişik gazanmak maksady bilen frontuň iň bolmanda üç aýry sebitinde täze guryýer hüjümleri meýilleşdirýändigini aýtdy.
Ukrainanyň lideri: "Biz üç ugur boýunça hüjüm operasiýasyny taýýarlyk görendiklerine ynanýarys. Esasy ugurlar Zaporožýe, Pokrowsk we Nowopawlowka" diýdi.
"Olary ýok ederis"
Zelenskiý rus goşunlarynyň gündogar kömür käni bolan Dobropilliýa şäherine 10 kilometre çenli golaýlandygyny, emma Kiýewiň ýakyn wagtda "olary ýok etjekdigini" aýtdy.
Zelenskiý metbugat işgärlerine: "Rus goşunlary birnäçe ýerde 10 kilometr çuňluga çenli öňe gidişlik etdi. Enjamlary ýok, diňe ýaraglary bar. Käbirleri eýýäm tapyldy, käbirleri ýok edildi, käbirleri ýesir alyndy. Galanlaryny hem ýakyn wagtda taparys we ýok ederis" diýip belledi.