Türkiye şenbe güni Pakistanda başdan geçirlen sil apatlarynda ýüzlerçe adamyň ýogalmagy sebäpli Pakistana gynanç bildirdi.
Türkiyäniň Daşary işler ministrligi beren beýanatda: “Pakistanda başdan geçirlen sil apatlary sebäpli ýogalan adamlar zerarly çuňňur gynanç bildirýäris. Ýogalan adamlara Alladan rehnet, Pakistanyň halkyna bolsa gynanç dileýäris” diýip bellendi.
Şenbe güni Pakistanyň resmileriniň habar bermegine görä aşa ýagyşlaryň ýagmagy sebäpli emele gelen sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalanlaryň sany 321 adama ýetdi.
Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň Apat dolanşyk edarasynyň beren maglumatyna görä, iň ily ýitgi 307 adam bilen ýurduň demirgazyk-günbataryndaky welaýatynda hasaba alyndy.
Mundan başgada Gilgit-Baltistan sebitinde 5 adam, Pakistanyň dolanşygyndaky Kaşmir hökmünde tanalýan Azad Jammu Kaşmir sebitinde 9 adam ýogaldy.
Ýurduň ençeme ýerinde aragatnaşyk diňlerine zeper ýetmegi netijesinde aragatnaşyk kesildi.