Siriýa Demokratik Güýçleri (SDG) ady bilen iş alyp barýan terror guramasy PKK/ÝPG çarşenbe güni Siriýada asuda ilaty nyşana aldy.
Hüjümde 1 adam ýogaldy, şol maşgaladan iki adam hem ýaralandy.
“SANA” habarlar gullugy SDG-nyň Halabyň gündogarynda Al-Hafza şäherçesini nyşana alandygyny we Manbijiň Al Kaýýariýa obasynda asuta ilata hüjüm gurandygyny habar berdi.
Bu waka10-njy martda Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara bilen terror guramasy PKK/ÝPG-niň ýokary derejeli liderlerinden Ferhat Abdi Şahiniň ýurduň demirgazyk gündogarynda Siriýadaky ähli guramalaryň döwlet bilen utgaşykly ýagdaýda işleşmegini, Siriýanyň territorial bitewiliginiň yglan edilmegini we ähli bölünşikleriň red edilmegini maksat edinýän şertnama baglaşmagyndan soň başdan geçirildi.
Terror guramasy şol şertnamany birnäçe gezek basgylady.
Siriýanyň hökümet, 2024-nji ýylyň 8-nji dekabryynda 24 ýyl häkimiýetiň başynda bolan Başar Asadyň agdarylmagyndan soň ýurtda howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edýär.