ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ukraina has köp ýarag kömegini berjekdiklerini beýan etmeginden soň goşmaça Patriot howa goranyş ulgamlaryny berjekdigi öňe sürüldi.
WSŽ amerikaly iki ýolbaşça esaslanýan habarynda, ABŞ-nyň Ukraina berjek goşmaça harby hökümeti hakynda maglumat berdi.
Habara görä, Ak Tamyň Pentagondan Ukraina goşmaça ýarag, esasan Patriot howa goranyş ulgamlaryny bermegi üçin taýarlyk görmegini isländigi nygtaldy.
Mundan başgada beýleki ýurtlaryň Ukraina has köp Patriot ulgamlaryny berip bermejekdigi meselesi bilen gyzyklanýandyklary bellenildi.
Pentagynyň ozalky ýolbaşçysy, ABŞ-nyň Ukraina 3, Germaniýanyň 3 we Ýewropa ýurtlarynyň hem 1 sany Patriot howa goranyş ulgamlaryny berendigini, emma howa goranyş ulgamlarynyň tehniki bejersigi sebäpli doly işlemeýändigini öňe sürdi.
Trampa ýakyn töwerekler, Ak Tamyň söweşiň bes edilmegine goldaw berýän kanunlaryň kabul edilmegi üçin halk deputatlary bilen birlikde işleşýändigini aýtdy.
Tramp Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda “Ukraina has köp ýaragyny bereris. Özlerini goramak üçin biz has köp ýarag kömegini bermäge mejbur”diýdi.