Bu ynam, eýýäm dört ýyldan bäri dowam edýän we halkara gepleşikleriň möhüm meýdançasyna öwrülen Antalya Diplomatiýa Forumy (ADF) arkaly doly ýüze çykýar. Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilýän forum, garşydaşlaryň, hyzmatdaşlaryň we köplenç çetleşdirilýän taraplaryň ýokary derejede aragatnaşyk açmagyna şert döredýän seýrek platformalarynyň biridir.
Şu ýylyň şygary bolan “Bölünen Dünýäde Diplomatiýany Gaýtadan Dikeltmek”, döwrüň şertlerine kybapdaş gelýär. Uruşlaryň, ideologik bölünişikleriň çuňlaşýan zamanasynda gatnaşyklary çäklendirmegiň deregine, gatnaşygy we gepleşigi öňe sürmegiň zerurlygy has aýdyň duýulýar.
Forum, bölünişikleriň deregine dialogy öňe sürmek arkaly diplomatiýanyň ynamdarlygyny dikeltmegi hem-de dünýäniň iň esasy meselelerine çözgüt tapmagy maksat edinýär. Şol jähtden garalanda Türkiýe günsaýyn bölünýän dünýäde işjeň töwellaçy hökmünde öz pozisiýasyny berkidýär.
Şu ýylky çärä 148 ýurtdan wekiller, 19 döwlet we hökümet baştutany, 52 daşary işler ministri hem-de köpsanly ýokary derejeli resmiler gatnaşýar. Forum 11–13-nji aprel aralygynda Antalýada geçirilýär.
Geçirilen öňki forumlar ADF-niň halkara derejesindäki ornuny aýdyň görkezýär:
2021: Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky uruşdan soň dartgynlygyň iň ýokary derejesine ýetilen döwürde Türkiýe iki ýurdy hem foruma çagyrdy. Bu başlangyç Ermenistanyň daşary işler ministriniň 2022-nji ýyldaky foruma gatnaşmagyna şert döretdi we gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň ilkinji görkezijisi boldy.
2022: Forum, Russiýa bilen Ukrainanyň daşary işler ministrlerini uruş başlanandan soň ilkinji gezek Antalýada duşuşdyrdy. Bu duşuşyk soňlugy bilen dünýäde azyk howpsuzlygyna uly täsir eden “Galla ylalaşygynyň” gazanylmagyna şert döretdi.
2024: ADF, Türkiýäniň Afrika ýurtlary bilen ykdysady we howpsuzlyk boýunça gatnaşyklaryny berkitdi we bu sebitdäki täsirini artdyrdy. Şol ýyl forum Wenesuela, Kuba we Eýran ýaly halkara arenasynda köplenç çetleşdirilýän ýurtlara-da seýrek duş gelýän diplomatik platforma döretdi.
Antalya Diplomatiýa Forumy, Bitarap gepleşik şertlerini döredip, Türkiýäniň diplomatik ynamdarlygyny hasam berkidýär.
Pragmatiki Parahatçylyk Getiriji
Türkiýe Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň çatrygynda, elmydama çaknyşyklaryň täsiri astynda bolan sebitde ýerleşýär. Emma muňa garamazdan Türkiýe näbelliliklere boýun bolman, bu strategiki ýerleşişinden diplomatik mümkinçilik hökmünde peýdalanyp, dünýäde parahatçylygyň araçy hökmünde öňe saýlanýar.
Bu pozisiýa 2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk Guramasynyň (MHG), Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň ýolbaşçylygynda Gazada “Hamas” tarapyndan saklanylýan taýlandly ýesirleriň boşadylmagynda eýelän möhüm roly bilen ýene bir gezek subut edildi.
Taýlandyň hökümetiniň haýyşy esasynda edilen tagalla, Türkiýäniň ýokary derejeli düşnüşmezlik şertlerinde-de netijeli we ynamdar güýç bolup bilýändigini görkezdi. Bu ýagdaý, Türkiýäniň ynsanperwer diplomatiýa bolan ygrarlylygyny we halkara derejesinde ynama mynasyp töwellaçy hökmünde abraýyny hasam berkidýär.
Türkiýäniň diplomatik tagallalary diňe bir krizis mahalynda çözgüt tapmak bilen çäklenmän, has giň strategik maksada hyzmat edýär: Türkiýäni global syýasatda ýüzöwrülmesiz we güýçli aktýora öwürmek.
Adaty Günbatar merkezli başlangyçlaryň syýasy sebäpler ýa-da ýerli ynamsyzlyk sebäpli netijesiz galýan mahallarynda bolsa Türkiýe dialoga esaslanýan, basyşdan çetde we hormat goýýan alternatiw model hödürleýär.
Munuň iň aýdyň mysallaryndan biri, 2022-nji ýylda Russiýa bilen Ukraina arasynda baglaşylan Galla Geçelgesi Ylalaşygy bolup durýar. BMG bilen bilelikde töwellaçylyk edilen bu ylalaşyk Gara deňiz arkaly Ukrainanyň galla eksportynyň dowam etmegine mümkinçilik döretdi we dünýäde azyk ýetmezçiliginiň ýüze çykmagynyň öňüni aldy.
Şeýle hem, Türkiýe Afrikada hem töwellaçylyk işlerini giňeltdi. Türkiýe, Efiopiýanyň Somalilend bilen Gyzyl deňze çykmak baradaky ylalaşygyndan soň Somali bilen arasyndaky dartgynlyk boýunça töwellaçy bolupdy.
Türkiýe iki ýurduň haýyşy esasynda “Ankara Jarnamasyny” başlatdy we 2024-nji ýylyň ahyrynda ýaraşyk ylalaşygy bilen gepleşikleri üstünlikli jemledi. Bu diplomatik üstünlik diňe bir çaknyşygy ortan aýyrmak bilen çäklenmän, hyzmatdaşlyga esaslanýan täze eýýamyň hem gapysyny açdy.
Türkiýe erkin söwda zolaklarynyň döredilmegi we bilelikdäki energiýa taslamalary ýaly anyk başlangyçlar bilen duşmançylykly ýagdaýy konstruktiw pursada öwürmegiň hötdesinden geldi.
Somaliniň Prezidenti Hasan Şeýh Mahmud we Efiopiýanyň Premýer-ministri Abiy Ahmed Türkiýäniň bu tagallalaryna minnetdarlyk bildirip, sebitde durnuklylyga bolan ygrarlylyklaryny nygtadylar.
Türkiýäniň bu töwellaçylyk başlangyçlary diňe bir sebitde durnuklylygy üpjün etmek bilen çäklenmän, onuň halkara abraýyny hem artdyrýar. Ankara çaknyşýan taraplar bilen aragatnaşyk kanallaryny açyk saklamak arkaly dünýä derejesindäki güýç deňagramlaryny kesgitlemekde möhüm pozisiýa eýeleýär.