TÜRKIÝE
1 minut okamak
Izmirde polis merkezine guralan hüjümde 2 polis gullukçysy şehit boldy
Izmirde guralan ýaragly hüjümde 2 polis gullukçysy hem ýaralandy. 16 ýaşyndaky şübheli tussag edildi.
Izmirde polis merkezine guralan hüjümde 2 polis gullukçysy şehit boldy
15 hours ago

Ýolbaşçylar, Türkiýäniň günbatarynda ýerleşýän Izmir şäherinde polis merkezine guralan ýaragly hüjümde 2 polis gullukçysynyň şehit bolandygyny, 2 gullukçynyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.16 ýaşyndaky şühbeliniň tussag edilendigi bellenildi.

Izmiriň Balçowa etrabyndaky Salih Işgören polis merkezine od açan 16 ýaşyndaky şübheli E. B-niň tussag edilendigi nygtaldy.

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, Balçowadaky polis merkezine guralan hyýanatçylykly hüjümde iki polisiň şehit bolandygyny, biri agyr iki polis gullukçysynyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Ministr Ýerlikaýa X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “16 ýaşyndaky hüjümçi E. B tussag edildi, waka hakynda iş gozgaldy” diýdi.

Ýaralanan polis gullukçysy Dokuz Eýlül uniwersitetiniň ylmy-barlag hassahanasynda bejergi astyna alyndy.

Adalat ministri Ýylmaz Tunç, hüjüm hakynda derňew işiniň gozgalandygyny aýtdy.

Hüjümi berk ýazgaran Ministr Tunç X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Waka bilen arabaglanşykly Izmiriň Baş prokuraturasy tarapyndan gyssagly derňew işi gozgaldy”diýdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, wakanyň başdan geçirlen sebitinde berk howpsuzlyk çäreleri görüldi.

Izmiriň şäher häkimi Jemil Tugaý, X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda hüjümi berk ýazgardy we şehitleriň hossarlaryna gynanç bildirdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us