DÜNÝÄ
1 minut okamak
Nepalda wagtlaýyn premýer-ministr wezipä bellendi
Nepalyň Prezidenti mejlisi bes etdi we 5-nji martda täze saýlawlaryň geçirilmegi şerti bilen Suşila Karkini wagtlaýyn premýer-minsitrlige belledi.
Nepalda wagtlaýyn premýer-ministr wezipä bellendi
a day ago

Nepalyň Pezidenti Ramçandra Paudel mejlisi bes edip, 2026-njy ýylyň 5-nji martynda ýurtda möhletinden irki saýlawlaryň geçiriljekdigini beýan etdi. Bu beýanatda ýurtda bir hepdeden bäri dowam edýän pajygaly wakalardan soň ýurduň ilkinji zenan premýer-ministriniň wezipä bellenmeginden soň berildi.

Paudel Döwlet geňeşiniň ozalky Başlygy Suşila Karkini ýurdy dolandyrmak üçin wezipä belländen birnäçe sagat soň beýanat berdi. Bu wezipä belleme Premýer-ministri Şarma Oliniň wezipeden çekilmegine sebäp bolan we “Z nesil” tarapyndan galplyga garşy başladylan protestlerden soň amala aşdy.

Prezidentiň diwanyndan berilen beýanata görä Paudel “Wekiller Mejlisini bes etdi we saýlawlaryň 2026-njy ýylyň 5-nji martynda geçirilmegine karar berildi.”

Karkiniň wezipä bellenmegi hakynda karar Paudeliň, goşun generaly Aşok Raž Sigdalyň we Nepalyň soňky ýyllardaky iň agyr dartgynlygyna sebäp bolan protest aksiýalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda iki gün dowam eden geňeşmelerden soň kabul edildi. Dartgynly wakalarda 51 adam ýogalyp, 1300-den gowrak adam ýaralanypdy.

Nepalyň günorta goňşusy Hindistan wakalaryň parahatçylykly we durnuklylygy ýola goýmaga goşant goşmagyny tama edýändigini habar berdi.

Hindistanyň Premýer-ministri Norendora Modi X platformasyndan beren habarnamasynda “Nepalyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçylygyna bellenen Hormatly Suşila Karkini ýürekden gutlaýaryn. Hindistan nepally doganlarynyn parhatçylygyny, ösüşini we abadançylygyny doly goldaýar” diýdi.

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us