Söhbetimize gönüden bir kino-filmden çykan ýaly görünýä hekaýat bilen başlaýarys. Bir köçe pişiginiň syýasy mitinglerden birine goşulýandygyny göz öňüne getiriň. Gulaga beýle mümkin görünmeýär, şeýle dälmi? İne tüýs bu waka Willow atly meşhur, çal pişigiň başyna geldi.
2020-nji ýylda kiçijik ýaşyl gözli pişijek Baýdeniň Pennsiliwaniýada mitingine şowhun bilen girmegi ýüregine düwýär. Sahna bökdi we gelejegiň Birinji hanymy Žill Baýdeniň ünsüni özüne çekýär. Şol pişik soňunda Ak Tamyň oturymly agzasy bolýar. Ençeme pişigiň arzuwyny edýän durmuşynda ýaşaýar.
Willow şeýle şowly tötänligi başdan geçiren ýeke-täk pişik däl. Pişikler dünýäniň ähli ýerinde özlerini iňňän abraýly ýerlere aldyrmagyň hötdesinden gelendir.
Pişikler Londonda diňe bir öý haýwany däl- olar şaglyk maşgalasynyň agzalary. Tanyş boluň: Lilibet, Elizabet 2-njiniň Sibir tokaýy pişiginiň ady.
Lilibet bäş ýyldyzly Lanesburg myhmanhanasyna ýerleşipdir. Dünýäniň çar tarapyndan gelen myhmanlar ony görmäge barýan bolsa, ol ojagyn ýanynda uzyn düşüp, penjelerini uzadýar. Käbirleri diňe onuň bilen tanyşmak üçin myhmanhanada bolýar. Bolup biler! Ol, ýokary amatlykly şertlere ýylylyk we öý duýgusyny goşýan özüneçekijiligiň bir bölegini emele getirýär.
Londonyň taryhy binasynda ýaşaýan ýeke-täk pişik ol däl. Tutwark Katedralynda Hodž atly pişik, sakristini öýi kabul edipdir. Gelenleriň arasynda iňňän meşhurlyga eýe. Sowgatlyk satýan dükanda onuň oýunjak görnüşünem satýarlar!
Emma, belkem iň meşhur iňlis pişigi Larridir. Larri 10 Downing Stritde-İňlis premýer-ministriniň resmi kabulhanasynda we ofisinde ýaşaýar. Resmi derejesi “Hökümet ofisiniň baş awçysy.” Esasy wezipesi Premýer-ministriň kabulhanasyny syçanlardan goramak. Larri ol ýerde ençeme premýer-ministrden has köp wagtdan bäri ýaşaýar. Ol bir pişik üçin iňňän uly üstünlik!
Pişikler diňe bir lýuks myhmanhanalara ýa-da hökümet kabulhanalaryna gitmeýär. Käbirleri dünýä meşhur muuzeýlerde ýaşaýar. Russiýada, Sankt Peterburgdaky ajaýyp Ermitaž muýzeýinde 1-2 sany däl, 80-e golaý pişik bar.
Şol pişikler muzeýiň ýerzemininde ýaşaýar. İlkiler syçan populýasiýana gözegçilik etmek üçin gelipdi. Olar henizem şol işi edýärler, emma şeýle meşhur boldular welin, indi olaryň metbugat sekretarlary hem bar.
Floridaniň Keý Wesý şäherinde, başga bir muzeý ýörite pişik toparyna ýer eýeçiligini edýär. Heminweý öýünde we muzeýinde 59 pişik bar. Esasy bölegi Ernest Hemingweýiň alty barmakly pişigi Snow Waýtyň neslinden gelýär. Pişikler erkin gezýärler, Heningweýiň iş stolunda ýatyp, gelýänlere meşhur ýazyjynyň mülküni gezýärkäler ýoldaşlyk edýärler.
Muzeýiň işgäri Aleksa Morgan adamlaryn umuman taryh üçin gelýändiklerini, emma ýüýli dostlaryna aşyk bolýandyklaryny gürrüň berýär. Käbirleri diňe tüýli dostlaryny görmek üçin hem gelýär. Görnüşe görä şol pişikler Hemingweýiň özi ýaly, hekaýatyň bir bölegine öwrülipdir.
Emma meşhur pişikleriň ählisinde uzyn nesil daragty ýa-da lýuks öý ýok. Käbirleri diňe ýüze çykýar, özüne ýer tapýar we ol ýerden gitmeýär.
Stambulyň köçelerinde, Kadyköý etrapçasynda, ikoniki arkaýyn görnüşi bilen şäheriň – we internetiň – ýüregini zabt eden pökgije çal-ak köçe pişigi bardy. Tombiliň ölmeginden soň Kadyköý häkimligi onuň hormaty heýkel oturtýar. Heýkel meşhur suratyň alynan basgançalaryna goýuldy.
Wenesuelada, Karakasdaky Milli saýlaw geňeşinin golaýynda gezmegi halaýan pişik bar. Elbetde syýasat bilen gyzyklanmaýar. Ses kabelleri bilen oýnamagy we habarçylar täze habara garaşýarka olara ýoldaşlyk etmegi halaýar.
Soňkusy Priştinadan, Kosowada halanýan Lule atly pişir bar. Lule, Dite Nat Kafede ýaşaýar we şeýle meşhur bolupdyr welin, onuň suratyny şeker gaplaryna hem goýupdyrlar. “Ol diňe bir eldeki haýwan däl-şol ýeriň ruhy” diýýär eýesi.
Pişikler, şa köşklerinden kafelere we gelim-gidimli köçelere çenli dünýäniň çar tarapyna ýol tapyp, giden ýerlerinde özlerini aldyrýarlar.
Nobatdaky saparyňyzda ýa-da kofe içýärkäňiz üns beriň! Belkem ol ýeri dolandyrýan pişik bilen tanşarsyňyz!