TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türk goranyş kärhanasy, IDEF 2025-de Malaýziýa bilen taktiki ulag boýunça şertnama gol çeker
Türkiyäniň gury ýer awtoulag öndürijisi Katmerjiler, Stambulda Türkiyäniň öňdebaryjy goranyş senagaty sergisinde mina çydamly HYZYR ulagyny we döwrebap sürüjisiz gury ýer ulagyny sergilär.
Türk goranyş kärhanasy, IDEF 2025-de Malaýziýa bilen taktiki ulag boýunça şertnama gol çeker
15 órája

Türk gury ýer awtoulag öndürijisi Katmerjiler, şu hepde Stambulda geçiriljek Halkara Goranmak Senagaty sergisinde (IDEF 2025) ýeňil taktiki ulagy “EREN” 4 × 4 üçin Malaýziýa bilen şertnama baglaşjakdygyny mälim etdi.

“Katmerjiler”, IDEF 2025-de mina çydamly bukuda goralýan ýolagçy daşaýjy bolan HYZYR we Uzakdan dolandyrylýan ýarag platformasy we gözegçilik ulgamy (UKAP) bilen enjamlaşdyrylan Türkiyede öz ugrunda ýeke-täk bolan O-IKA 2 sürüjisiz guryýer ulagynyň ýörite görnüşi bilen gatnaşar.

HYZYR, çydamly sowudy, V şekilli monokok kuzowy we energiýa siňdiriji oturgyçlarynyň saýasynda minalara we emeli partlaýjy enjamlara garşy goragy üpjün edýär. Ulagda 400 at güýji bolan hereketlendiriji bar, obalyk ýerlerde we şäher şertlerinde güýçli söweş mümkinçiliklerini hödürleýär. Uzakdan dolandyrylýan ýarag ulgamy hereket edýän zatlary nyşana alyp, gulplap bilýär.

HYZYR 9 adamy daşap bilýär, sagatda 120 kilometr tizlige ýetip bilýär we pudagyň lideri bolan 70 göterimlik dyrmaşmak mümkinçiligi bilen işläp bilýär.

Beýleki tarapdan Katmerjiler kärhanasynyň ilkinji sürüjisiz gury ýer ulagy konsepsiýasy bolan UKAP, Katmerjiler we Aselsan ýaly iki türk goranyş senagaty kärhanasynyň tehnologiýalaryny özünde jemläp, Aselsan kärhanasynyň SARP uzakdan dolandyrylýan ýarag ulgamy bilen emeli hemra aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün ediler.

UKAP 60 göterimlik dyrmyşmak mümkinçiligine, 40 göterimlik eňňit ukybyna eýe bolup, 900 mm çukurdan geçip bilýär, 400 mm dik päsgelçiligi ýeňip geçip, 1 tonna çenli ýük göterip bilýär.

Ýylylyk we hereket kameralary we datçikler bilen enjamlaşdyrylan UKAP platformasy, dürli funksiýalara eýedir: serhet we gözleg serişdesi bolup, minalary arassalamak wezipelerini ýerine ýetirip bilýär; ýaralanan işgärleri çaknyşyk zolaklaryndan çykarmak üçin ok geçirmeýän bölümi bilen halas ediş serişdesi hökmünde ulanylyp bilinýär; ýük, ok-däri we enjamlary daşap bilýär; zerur bolan mahaly agyr ulaglary çekip bilýär.

Katmerjiler kärhanasynyň ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygynyň wekili Furkan Katmerji Anadolu habarlar gullugyna IDEF 2025-nji ýylda Stambulda Malaýziýanyň DEFTECH kompaniýasy bilen EREN 4x4 üçin täze hyzmatdaşlyk şertnamasyny resmileşdirjekdiklerini we iki kärhananyň ýolbaşçylarynyň gol çekişlik dabarasyna gatnaşjakdyklaryny aýtdy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us