Türkiýe Respubliklasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy maksady bilen Siriýanyň paýtagty Damaska gitdi.
Fidan penşenbe güni guran saparynyň çäginde Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara we Daşary işler ministri Asad Hasan Şeýbani bilen birlikde ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen duşuşdy.
Bu sapar Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden we Siriýada täze döwrüň başlamagyndan 8 aý soň Ankara bilen Damaskyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy taýdan öwrülşik nokady hökmünde analiz edilýär.
Saparyň çäginde geçirlen duşuşyklarda soňky aýlarda özara gatnaşyklarda edilen öňe gidişikler, howpsuzlyk, gaýtadan dikeldiş we sebitara meseleler seljerildi.
Siriýanyň gaýtadan dikeldiş etaby we terrora garşy bilelikdäki göreş
Türkiýäniň Siriýanyň gaýtadan dikeldiş etabyna berýän goldawy we Siriýanyň ykdysady galkynyşy meselesi saparyň gün tertibinde esasy orun eýeledi.
Türkiýäniň Siriýanyň demirgazyk gündogaryndaky aksiýalary sebäpli milli howpsuzlygyna abanýan esasy howplardan biri bolan terror guramasy DEAŞ-a we PKK/ÝPG-a garşy alyp barýan göreşi meselesi gün tertibine getirildi.
Türkiýeli we Siriýaly ýolbaşçylar, Ysraýyl tarapyndan Siriýa we sebit ýurtlaryna abanýan howplary hem ara alyp maslahatlaşdy.
Uzak möhletleýin howpsuzlyk we durnunlylyk üçin edilýän tagallalar
Diplomatik çeşmeler häzirki döwriň Türkiýe bilen Siriýanyň umymy bähbitlerini goramak üçin uly mümkinçilik hödürleýändigini nygtaýar.
Türkiýe şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy, Siriýanyň dikeldilmegine goldaw bermegi we özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär.