DÜNÝÄ
2 minut okamak
Eýran E3 ýadro gepleşikleri boýunça duýdyryş berdi
Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, Britaniýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň Eýrana garşy ýadro sanksiýasyny güýje girizmek baradaky tagallalaryny, “ulanyň we ýitirin” manysyny aňladýandygy sebäpli kabul etmedi
Eýran E3 ýadro gepleşikleri boýunça duýdyryş berdi
9 hours ago

Eýran Britaniýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň 2015-nji ýyldaki ýadro ylalaşygynyň çäginde bes edilen sanksiýalary güýje girizmek baradaky tagallasyna berk garşylyk görkezdi.

Eýran ýokarda ady agzalýan ýurtlaryň ne syýasy, ne hukuky ne-de ahlak taýdan şeýle hukuklarynyň bolmandygyny mälim etdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, merkezi ABŞ-da ýerleşýän X sosial media platfotmasy arkaly beren beýannamasynda “E3 ýurtlarynyň ýadro sanksiýasyny güýje girizmek meselesinde ne syýasy, ne hukuky ne-de ahlak taýdan şeýle hukuklary ýok” diýip belledi.

E3 ýurtlary geçen aý BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň 2231 belgili kararynyň çäginde sanksiýalary güýje girizjekdiklerini mälim edipdi.

Snapjask mehanizmi Eýran jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmän halatynda 30 günüň dowamynda sanksiýalaryň güýje girmegini göz öňünde tutýar.

ABŞ-nyň Tramp döwründe ylalaşykdan çekilmegi bilen Eýrana garşy goýlan sanksiýalar bes edilipdi we öwezine ýadro meýilnamasy çäklendirlipdi.

ABŞ bilen Ysraýylyň iýun aýynda Eýrana garşy hüjüm guramagyndan soň resmi Tähran, Halkara Atom energiýasy gullugy bilen edilýän hyzmatdaşlygy saklapdy.

Tähran Halkara Atom energiýasy gullugyny Eýrana garşy ikirjiňli çemeleşmekde günäkledi.

Omanyň töwellaçylyk etmeginde Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda ýadro gepleşikleriniň geçirilýän günlerinde Ysraýyl garaşylmadyk ýagdaýda 13-nji iýunda Tährana hüjüm gurady.

Hüjümde harby we ýadro desgalar bilen birlikde asuda ilat, ýokary çinli serkerdeler we alymlar nyşana alyndy.

Eýran hem ar almak maksady bilen Ysraýyla garşy raketa we doryn hüjümlerini gurady.

ABŞ hem Eýranyň üç ýadro desgasyny bombalady.

12 gün dowam eden çaknyşyklar 24-nji iýunda ABŞ-nyň goldaw bermeginde bes edildi.

Günbatarly ýurtlar Eýranyň ýadro gepleşiklerini dowam etdirmegini we desgalarynyň halkara barlaglara açylmagyny talap edýär.

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us