DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistanyň harby goşuny terrora garşy geçirýän operasiýalaryny dowam etdirýär
Pakistanyň terror guramalaryna garşy Haýber Pahtunhwa sebitinde geçiren operasiýasynda 19 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 7 esger ýogaldy.
Pakistanyň harby goşuny terrora garşy geçirýän operasiýalaryny dowam etdirýär
September 12, 2025

“Dawn” gazetiniň berýän habaryna görä, Haýber Pahtunhwa sebitinde terrorçylara garşy geçirlen operasiýada Pakistanyň harby goşunyndan 7 esger ýogaldy, 13 esger ýaralandy.

Ýerli howpsuzlyk güýçleri, daglyk sebitde terrorçylaryň guran duzagyndan soň bolan ýaragly çaknyşykda 1 esgeriň hem ýitendigini mälim etdi.

Ýaralanan esgerleriň hassahanada bejergi astyna alynandygy, sebitde operasiýalaryň dowam edýändigi bellenildi.

Howpsuzlyk güýçleri terrorçylara uly zarba urlandygyny mälim etdi emma mesele hakynda doly maglumat bermedi.

Prezident Asyf Ali Zerdari bilen Premýer-ministr Şahbaz Şerif, 19 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getiren howpsuzlyk güýçleriniň gutlady we netijeli geçen operasiýa hakynda öwgüli sözler aýtdy.

Prezident Zerdari “Pakistan terrory ortadan aýyrmakda egilşik etmez” diýdi.

Premýer-ministr Şahbaz Şerif hem Haýber Pahtunhwanyň Mohmand, Demirgazyk Weziristan we Bannu etraplarynda geçirlen üstünlikli operasiýa sebäpli howpsuzlyk güýçleri gutlady we ýurduň dolulygyna terrordan saplanmagy üçin operasiýalaryň dowam etjekdigini nygtady.

Pakistan soňky ýyllarda howpsuzlyk güýçlerine garşy guralýan hüjümleriň artýandygyny nygtaýar we merkezi Owganystanda ýerleşýän Tehrike-Taliban Pakistana agza terrorçylar sebäpli Owganystany günäkärleýär.

Kabul bolsa günäkärlemeleri kabul etmeýär.

 

 

 

 

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us