BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi (UNICEF), Ysraýylyň dowam etdirýän hüjümleri, gabawy we ynsanperwer kömegini dolulygyna diýen ýaly bes etmegi sebäpli Gazada her gün ortaça 28 çaganyň ýogalýandygyny mälim etdi.
UNICEF-iň duşenbe güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Bombaly hüjümler sebäpli ýogalýanlar, iýmit ýetmezçiligi we açlyk sebäpli ýogalýanlar, ynsanperwer kömeginiň bökdelmegi sebäpli ýogalýanlar” diýildi.
Habarnamada “Gazada her gün bir synpyň okuwçysy ýagny ortaça 28 çaga ýogalýar” diýildi.
UNICEF ynsanperwer kömeginiň gyssagly ýetirilmegi we çakanyşyklaryň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.
Habarnamada “Gazadaky çagalara iýmit, arassa agyz suwy we derman gerek. İlkinji nobatda bolsa çaknyşyklaryň bes edilmegi gerek” diýildi.
Ysraýylyň Gazadaky genosidi
Ysraýyl 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gazadaky genosid söweşini dowam etdirýär.
Gazzadaky Saglygy goraýyş ministrligine görä, hüjümlerde häzire çenli esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 61 müň palestinli ýogaldy, on müňlerçe adam ýaralandy.
Söweş sebäpli Gazanyň infrastrukturasy ýer bilen ýegsan edildi, hassanalaryň ählisi diýen ýaly ýapyldy we sebit açlyga mahrum edildi. Ysraýylyň bökdençlikleri sebäpli ynsanperwer kömegi gümrük geçelgelerinde garaşýar.
Halkara derejesinde berilýän çagyryşlara garamazdan Ysraýyl genosidini dowam etdirýär.
UNICEF bilen birlikde beýleki ynsanperwer kömek guramalary çaknyşyklar bes edilýän we halka ynsanperwer kömegi ýetirilmän halatynda Gazada ýogalýan çagalaryň sanynyň artmaga dowam etjekdigi babatynda duýduryş berdi.