Russiýa, basylyp alnan Palestin topraklarynda ysraýylly göçüp gelen adamlar tarapyndan diplomatlarynyň hüjüme sezewar bolandygyny tassyklady.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni beren beýanatynda, 30-njy iýulda Iýerusalimiň golaýyndaky bikanun Ysraýyl bosgun nokady bolan Giw'at Asaf atly bikanun ýaşaýyş ýeriniň golaýynda, Palestinanyň Milli dolanşygyna barýan we wezipede bolan diplomatik belgili hyzmat ulagynyň, Ysraýylyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditlenen işgärleri alyp barýan mahaly ysraýylly göçüp gelen adamlar tarapyndan hüjüme sezewar galandygyny habar berdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi: “Ulag mehaniki zyýan çekdi. Bu hüjüm rus diplomatlaryna garşy sözli haýbatlar bilen birlikde amala aşyryldy” diýildi.
Ministrlik bu wakanyň şol ýerde bolan ysraýylly esgerleriň gözegçiliginde bolup geçendigini we olaryň hüjümçileriň agressiw hereketleriniň öňüni almak üçin hiç hili synanyşyk etmändigini aýdyp, bu ýagdaýyň "örän aladaly we kabul ederliksiz" bolandygyny nygtady.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi: “Biz bu wakany 1961-nji ýyldaky Diplomatik gatnaşyklar baradaky Wena Konwensiýasynyň düzgünleriniň gödek bozulmasy hökmünde kabul edýäris. Bu konwensiýa, kabul ediji döwletiň daşary ýurt missiýalarynyň emläginiň eldegrilmesizligini üpjün etmek, daşary ýurt diplomatlaryna degişli hormaty görkezmek we olaryň şahsyýetine, azatlygyna ýa-da mertebesine garşy islendik hüjümiň öňüni almak üçin ähli degişli çäreleri görmegi talap edýär” diýip belledi.
Ministrlik mundan başgada, Russiýanyň Tel-Awiwdäki ilçihanasy tarapyndan Ysraýylyň resmilerine degişli protestiň iberilendigini hem nygtap: “Ysraýyl tarapynyň bu ýagdaýdan degişli netije çykarmagyna umyt edýäris” diýip nygtaldy.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, Tel-Awiwdäki ilçihananyň Ysraýylyň resmilerine resmi protest notasyny berendigini aýtdy.