DÜNÝÄ
2 minut okamak
Owganystanyň Kunar welaýatynda bolan ýer titremesinde 250-den gowrak adam ýogaldy
Ýolbaşçylar merkezden we goňşy welaýatlardan gözleg we halas ediş toparlarynyň gelendigini habar berdi.
Owganystanyň Kunar welaýatynda bolan ýer titremesinde 250-den gowrak adam ýogaldy
a day ago

Owganystanyň Maglumatlar ministrliginiň “Anadoly” habarlar gullugyna beren beýannamasyna görä, ýekşenbe gijesi Owganystanyň gündogarynda bolan 6 bala barabar ýer titremesinde 250-den gowrak adam ýogaldy, 500 adam bolsa ýaralandy.

ABŞ-nyň Geologiýa guramasy ýer titremäniň halkara wagt boýunça sagat 19.17-de bolandygyny mälim etdi.

Ýer titremesiniň Jelalabadyň 27 kilometr gündogar-demirgazygynda, ýeriň 8 kilometr aşagynda bolandygy ýatladyldy.

Owganystanyň Maglumatlar ministrligi Kunar welaýatýynyň Nur Gal, Sawki, Watpur, Manogi we Japa Dara etraplarynda ýer titremesi sebäpli adam pidagynyň çekilendigini mälim etdi.

Ýer titremesinden soň mekezden we goňşy welaýatlardan gelen gözleg we halas ediş toparlarynyň öz işini dowam etdirýändigi nygtaldy.

Sawki etrabyndaky dewa Gul we Nur Gul etrapçalaryna we Mazar Dara etrapçasyna barýan ýollaryň ýer süýşmesi sebäpli ýapylandygy we ady agzalýan sebitlere barmagyň gaty kyndygy bellenildi.

Ýerli halk ýer titremesiniň ýurda uly zeper ýetiren iň güýçli ýer titremelerinden biri bolandygyny aýdýar.

Wagtlaýyn Owgan hökümetiniň metbugat sekretary Zabihullah Müjahid ýer titremesi sebäpli adam pidasynyň çekilendigini aýtdy.

Müjahid X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Gynansakda ýer titremesi gündogar welaýatlarymyza uly zeper ýetirdi we adam pidalaryna sebäp boldy” diýdi.

Müjahid, ýerli ýolbaşçylaryň we halkyň gözleg we halas ediş işlerine gatnaşýandygyny, merkezden we goňşy welaýatlardan gözleg we halas ediş toparlarynyň sebite ugradylandygyny ýatlatdy.

ABŞ-nyň Geologiýa guramasy sebitde 5,2 bal ululygynda azyndan ýene-de iki ýer titremäniň bolandygyny habar berdi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT World
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us