DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistanyň demirgazygynda harby dikuçar heläkçilige uçrady
Gilgit-Baltistan sebitiniň Diamer etrabynda, tehniki näsazlyk sebäpli harby dikuçaryň heläkçilige uçrandygy habar berildi.
Pakistanyň demirgazygynda harby dikuçar heläkçilige uçrady
13 hours ago

Hökümetiň metbugat sekretary adaty uçyşyny amala aşyrýan harby dikuçaryň Pakistanyň demirgazygynda heläkçilige uçrandygy, heläkçilikde iki uçarman bilen 3 tehniki işgäriň ýogalandygy nygtaldy.

Harby dikuçaryň tehniki näsazlyk sebäpli Gilgit-Baltistan sebitiniň Diamer etrabynda ýere gaçandygy we ýanmaga başlandygy habar berildi.

Hökümetiň metbugat sekretary Feýzullah Farak, heläkçilik hakynda derňew işiniň gozgalandygyny aýtdy.

Dikuçaryň sebitdäki sil apatyndan soň Gilgit-Baltistan hökümeti tarapyndan ýardam we halas ediş işleri üçin ulanylýandygy nygtaldy.

Geçen aý sil sebäpli uly zeper ýetirlen Bažaur sebitine ynsanperwer kömegini alyp barýan dikuçar amatsyz howa şertleri sebäpli heläkçilige uçrapdy. Dikuçar heläkçiliginde 5 adam ýogalypdy.

2024-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa başga bir dikuçar hereketlendirijisinde ýüze çykan näsazlyk sebäpli Pakistanyň demirgazyk günbatarynda heläkçilige uçrapdy, heläkçilikde 6 adam ýogalypdy.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us