Türkiýäniň bäşinji nesil söweş uçary KAAN ýurduň tehnalogiki maksadynyň we strategik howpsuzlygynyň beýany hökmünde uly eksport şertnamasy bilen halkara derejesinde ykrar edildi.
Prezident R. T. Erdogan, ýaňy ýakynda Indoneziýa bilen 48 sany KAAN uçarynyň eksporty boýunça şertnama baglaşandyklaryny mälim edipdi.
Bu şertnama diňe taryhy şertnama bolman eýsem şol bir wagtda Türkiýäniň goranyş senagaty pudagy boýunça öwrülşik nokady hökmünde analiz edilýär.
Şertnama, Türkiýäniň ösen, söweşe taýar tehnalogiýalary hödürlemek boýunça halkara derejesinde ykrar edilendigini görkezýär.
Prezident Erdogan sosial mediadan beren habarnamasynda, “Dost we doganlyk ýurt Indoneziýa bilen baglaşylan şertnamanyň çäginde 48 sany KAAN söweş uçary Türkiýede öndürler we İndoneziýa eksport ediler” diýdi.
Prezident Erdogan habarnamasynda “KAAN-yň önümçiliginde İndoneziýanyň ýerli senagat mümkinçiliklerinden peýdalanarys” diýdi.
Prezident Erdogan “Iki ýurduň arasynda guralan ýokary derejeli diplomatik saparlardan soň baglaşylan şertnama, türk goranyş enjamlarynyň diňe elýeterli alternatiwalar däl eýsem şol bir wagtda ygtybarly we ösen tehnalogiýalar hökmünde kabul edilýändigini görkezýär. Bu şertnama biziň milli goranyş senagatymyzyň güýjüni görkezýär” diýdi.
Prezident Erdogan “Ýerli we milli goranyş senagatymyzyň eden öňe gidişligini görkezýän bu şertnamanyň Türkiýe we Indoneziýa üçin düşümli bolmagyny dileýärin. Şertnamanyň baglaşylmagyna goşant goşan ähli guramalary aýratyn-da Goranyş senagaty agentligimizi we TUSAŞ-y gutlaýaryn. Şertnamanyň baglaşylmagyna uly goldaw beren İndoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto minnetdarlyk bildirýärin”diýdi.
Dünýäniň isleg bildirýän söweş uçary
KAAN bäşinji nesil köp maksatly söweş uçary hökmünde Türkiýäniň howa inženerçiliginiň gazanan üstünligini görkezýär.
Uçar ýokary manýowrlyk ukuby, pes radar görkezijisi we emeli intellekt bilen dolandyrylýan täze nesil ulgam hökmünde ünsleri özüne çekýär.
Howa-howa we howa-gury ýer operasiýalarynda ýokary öndürijilik üçin taýarlanan KAAN, Türkiýäniň goranyş senagaty tehnalogiýalarynda öz islegini kanagatlandyrmak maksadyny görkezýär.
Türk awiasia we kosmos senagaty edarasy TUSAŞ KAAN-yň öndürilmeginde uly rol oýnady. Firmanyň baş direktory Mehmet Demirogly uçaryň öndürliş meýilnamasy hakynda maglumat berdi.
TRT Worlde beýannama beren Demirogly, “KAAN biziň buýsanjymyz, diňe TUSAŞ-yň däl eýsem tutuş Türkiýäniň buýsanjy. 2 sany prototipimiz üçin gurnama tapgyryna gelindi. Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli birini, täze ýylyň başynda hem beýlekisini uçurmagy meýilleşdirýäris”diýdi.
Mehmet Demirogly, Türk howa güýçlerine doly möçberde uçarlaryň 2028-nji ýylyň ahyrynda ýada 2029-njy ýylyň başlarynda tabşyrylmagynyň meýlleşdirilýändigini belledi.
Demiroglu, “TUSAŞ 2034-nji ýylyň ahyryna çenli 500 uçar öndürmegi maksat edinilýär, bu hem halkara islegiň we platformanyň gelejegine bolan ynamyň beýanydyr” diýdi.
Firmanyň iş meýilnamasy barada gürrüň beren Demiroglu, TUSAŞ-yň täze bazarlara girýändigini we 2025-nji ýyla çenli girdejisini 3 milliard dollardan 4,3 milliard dollara çenli artdyrylmagynyň maksat edinilýändigini belledi.
ABŞ-da, Ýewropada we Aziýa ýurtlarynda iş alyp barýan firmanyň işgärleriniň sany 16 müň adama çenli baryp ýetdi.

Ynamy artdyrýan TF35000 hereketlendirijisi
Bäşinji nesil harby uçaryň global derejede ynama girmegi üçin itekleýiji ulgamy hem maksada laýyk bolmaly. Bu meselede bolsa TEİ-niň TF35000 hereketlendirijisi ünsleri çekýär.
“TUSAŞ Motor Sanaýii” (TEİ) firmasynyň Baş müdiri Mahmut Akşit TRT Worlde beren ýörite interwýusynda hereketlendirijiniň eýe bolan ähmiýeti hakynda giňişleýin maglumat berdi: “KAAN, diňe bir howa ulagy hökmünde däl, dolulygyna ýerli ulgam hökmünde dizaýn edilýär. “TRMOTOR” bilen bilelikde uçaryň ýüregi bolan TF35000 hereketlendirijisini dolulygyna ýerli şertlerde öndürýäris” diýdi.
Hereketlendirijiniň dizaýny, deňiz derejesinden 35.000 pound itikleýiji güýji, optimirlenen ýangyç tygşytlylygy we bäşinji nesil harby zerurlyklara bap gelýän özüne mahsus aýratynlyga eýe.
Akşit: “TF35000 hereketlendirijisi diňe bir herketlendiriji taslama däl. Ol ýokary ýylylyga çydamly şaýlaryndan synag infrastrukturasyna, önümçilik ukybyndan inženerçilik kämilligine çenli milli ekoulgamyň döredilmegidir” diýdi.
TF35000 hereketlendirijisi Indoneziýa ugradyljak 48 sany KAAN uçaryny hem güýçlendirer.
Akşit: “Onuň saýasynda diňe bir bäşinji nesil harby uçar eksport etmeýäris, şol bir wagtda Türkiýe tarapyndan dizaýn edilen we öndürilen iň çylşyrymly, ukyplylyk taýdan iň esasy güýji eksport edýäris. Ol, strategik tehnologik garaşsyzlyga tarap ädilen aýgytly ädimdir” diýdi.
KAAN-yň strategik başlangyç hökmünde eýe bolan ähmiýeti
Goranyş pudagy boýunça analitik Arda Mewlütogly KAAN-y global derejede ynamdar önüme öwürýän faktorlary bitarap garaýyş bilen analiz etdi.
Mewlütogly TRT Worlde beren interwýusynda “KAAN henizem synag tapgyry dowam edýän bäşinji nesil harby uçar. Doly operatiw güýje 2030-njy ýylda eýe bolmagyna garaşylýar. Ol doly ulanmaga berilende Türk harby howa güýçleriniň oňurgasy bolar” diýdi.
Mewlütogly: “Indoneziýa bilen gazylan ylalaşyk güýçli başlangyçdyr. Şeýle strategik plarforma eýe bolmak uzak möhletli arabaglanşyk we ynam talap edýär, bu ylalaşyk Türkiýäniň awiasiýa pudagyndaky eýe bolan ynamyny görkezýär” diýip sözleriniň üstüni ýetirdi.
KAAN-yň awia uruşdan has güýçli pozisiýa eýeleýändigine ünsi çeken Mewlütogly, ýerli hereketlendiriji we ösen awionik ulgamlaryny ileri tutup, harby uçaryň Türkiýäniň howa giňişligindäki el çekdiriji güýjüni artdyrjakdygyny beýan etdi.
Prototipden güýç simwolyna
KAAN-yň 2024-nji ýylyň fewralyndaky ilkinji uçuşy simwoliki we tehnologik öwrülşik nokady boldy. Ady Prezident Erdogan tarapyndan 2023-nji ýyldaky “Gelejegiň asyry” atly çärede yglan edildi we şol günden bäri Türkiýe üçin täze bir goranyş zamanasynyň simwolyna öwrüldi.
Prezident Erdogan; “Bu diňe bir goranyş senagaty boýunça gazanylan ylalaşyk däl. Özygtyýarly awiasiýa güýjüniň emele gelmegine şaýatlyk edýäris” diýipdi.
Pursat dowam edýär. 55-nji Pariž awiasiýa sergisinde Türkiýaniň öňdebaryjy dron öndürijisi “Baýkar” Italiýanyň “Leonardo” firmasy bilen döwrebap uçarmansyz ulgamlary öndürmek üçin konsorsium döretmek boýunça ylalaşdy. Bu ylalaşyk türk inženerçiligine bolan ynamyň beýleki bir görkezijisi hökmünde analiz edilýär.
Harby uçarlardan uçarmansyz howa enjamlaryna, milli önümçilik ulgamyndan global tanyşdyryş platformalaryna çenli Türkiýe indi diňe bir ýarag önwürmeýar, Prezindent Erdoganyň aýdyşy ýaly özygtyýarly awiasiýa güýji döredilýär.