Somaliniň Portlar we deňiz gatnawy ministri Abdulkadyr Mohamed Nur, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň 2011-nji ýylda Somala guran saparynyň ýurduň taryhyny üýtgeden taryhy öwrülşik nokady bolandygyna ünsi çekdi.
Nur “Anadoly” habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Erdoganyň 2011-nji ýylyň awgust aýynda Somaliniň 1990-njy ýylda döwlet ulgamynyň çökmeginden soň başdan geçirilýän agyr günleriň birinde sapar gurandygyny nygtady.
Ministr Nur, Erdoganyň aýaly Emine Erdogan, çagalary we ministrler bilen birlikde Mogadişua guran saparynyň, Somaliniň taryhyndaky iň garaňky günlere garşy göreşýän döwründe ýatdan çykmajak gün hökmünde yz galdyrandygyny aýtdy.
Somalili ýolbaşçylar, bu saparyň ýurdy çäklendirmelerden halas eden we Somalini halkara jemgyýetçiliginiň gün tertibine getiren öwrülşik nokady hökmünde görýändigini we Türkiýe-Somali gatnaşyklarynyň strategik derejä göterlendigini nygtaýar.
1990-njy ýylda döwlet ulgamynyň çökmeginden soň terk edilen ýaly görünýän Somaliniň taryhyndaky iň garaňky günlerinden birini başdan geçirýändigini nygtan Nur “Şol günlerde Somali dünýäden üzňeleşdirlen we halkara kömegini almakdan mahrum ýurtdy. Prezident Erdoganyň aýaly, çagalary we ministrleri bilen birlikde Somala gelmegi öwrülşik nokady boldy. Diňe türk halky kömek bermek bilen çäklenmedi, eýsem dünýäniň ünsi Somala gönükdi” diýdi.
Erdoganyň saparyndan soň Türkiýäniň Somala goldaw bermäge dowam edýändigini nygtan Nur, “Şol günden soň kadalaşmaga dowam etdik. Türkiýe Somaliniň gaýtadan dikeldiş etabynda uly rol oýnady” diýip belledi.
Nur, Türkiýäniň Somaliniň terrora garşy alyp barýan göreşine, ýurduň galkynyşyna we durnuklylygyna uly goldaw berendigini nygtady.
Somaliniň Ykdysadyýet we maýa goýum ministrliginiň çäginde iş alyp barýan Maýa goýumy höweslendiriş gullugynyň başlygy Mohamed Duubow, Erdoganyň sapary hakynda “2011-nji ýyldaky sapar ynsanper kömek maksady bilen guralypdy, emma 2016-njy ýyldaki ikinji sapar galkynyş sapary boldy” diýdi.
Türkiýäniň Mogadişuda ilçihana açmagy, TİKA-nyň açylmagy, türk mekdepleriniň we hassahanalarynyň açylmagy Türkiýe-Somali gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi.
Somali şu günki günde Türkiýäniň Afrika başlangyjynyň simwolyna öwrüldi.
Türk firmalary Somaliniň galkynyşy üçin uly taslamalary iş ýüzüne geçirýär.