SYÝASAT
3 minut okamak
Türkiýäniň Gaza beren ynsanperwer kömekleri
Türkiýe 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýär. Mersin portundan ugradylan 16-njy ynsanperwer kömek kerweni Müsüriň Al Ariş portuna bardy.
Türkiýäniň Gaza beren ynsanperwer kömekleri
14 ore fa

Türkiýedäki jemgyýetçilik guramalary 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri sebäpli 683 günden bäri Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin tagalla edýär.

Yzygiderli ýagdaýda sebite azyk, egin-eşik, derman we lukmançylyk enjamlary kömegini ýetirýän toparlar, azyk ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýär.

Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti

Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti “Ýagşylyk otlusy” başlangyjynyň çäginde Gaza 10 gämi we 869 ýük ulagy bilen 15 müň 89 tonna ynsanperwer kömegini ugratdy. Ynsanperwer kömegi esasan azyk önümlerinden we lukmançylyk enjamlaryndan ybarat.

Ýanwar aýynda AFAD we UNRWA arkaly Gurban baýramy mynasibetli 52 müň 164 konserwirlenen et önümleri Gaza ugradyldy. Türkiýäniň 15-nji ynsanperwer kömek gämisi bilen 261 tonna konserwirlenen etiň Gaza ýetirilmegine garaşylýar.

Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti, Gazadaki göçme aşhanalar arkaly günde 21 müň adama nahar paýlaýar. Şu günki güne çenli jemi 6,83 million adama nahar paýlandy.

2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri 1,66 million litrlik arassa agyz suwy paýlandy. Şertleriň kadalaşmagyndan soň agyz suwynyň halka ýetirliş işlerine gaýtadan başlanar.

Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti 2024-njy ýylyň 29-njy noýabryndan bäri Gazada tankerler bilen halka agyz suwyny paýlaýar. Her maşgala günde 20 litr suw paýlaýan gurama, häzire çenli jemi 20 tonna suw paýlady.

Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti İordaniýa we Müsür arkaly Gaza ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýär. Çäklendirmelere garamazdan sebite ugradylan 405 ynsanperwer kömek ulagyndan 165-i 3-nji awgusta çenli Müsüre degişli ammarlara boşadyldy.

Deniz Feneri

Deniz Feneri jemgyýeti, Gazanyň demirgazygynda, günortasynda we merkezinde guran 10 göçme aşhanasy arkaly günde 15 müň adama gyzgyn nahar paýlaýar. Naharlar, meýletinler we ýerli hünärmenler arkaly paýlanýar.

Infrastruktura uly zeper ýetirlendigi sebäpli Gazanyň esasy kynçylyklaryndan biri hem agyz suwu üpjünçiligi bolup durýar. Deniz Feneri jemgyýeti iki guýy arkaly günde ortaça 15 tonna agyz suwyny halka paýlaýar. Jemgyýet şeýle hem Gazadaky Al Wafa hassahanasyna azyk kömegini berýär we hassalara günde 3 wagtyna nahar paýlaýar.

IHH

IHH Ynsanperwer kömek gaznasy, hüjümleriň başlan gününden bäri sebitde 35,19 million gyzgyn nahar paýlady. Gazanyň halkyna 127,63 million çörek, 1,2 million makaron, konserwirlenen et we miwe suwlaryny paýlady.

IHH gaznasy tarapyndan 129,789 palta un, 17,848 gap gök we bahja önümi bilen 2567 tanker agyz suwy paýlandy.

Jansuýu jemgyýeti

Jansuýu jemgyýeti, hüjümleriň başlan gününden bäri, un, tüwü, ýag we makaron ýaly azyk iýmitlerinden ybarat jemi 102 ulaglyk ynsanperwer kömegini sebite ugratdy.

Jemgyýet tarapyndan 349.300 gyzgyn nahar we 1,806 tankerlik agyz suwy paýlandy.

Jemgyýet Gazanyň demirgazygynda her gün 500 adama 5 tankerlik agyz suwy bilen gyzgyn nahar paýlaýar. Jansuýu jemgyýeti Gazanyň günortasynda hem halka nahar paýlamaga dowam edýär.

IDDEF

Merkezi Stambul şäherinde ýerleşýän Ynsana ähmiýet berýän jemgyýetler federassiýasy IDDEF häzire çenli Gazada 4 million adama gyzgyn nahar paýlady. 320 tonna un bilen 350 müň çörek paýlady.

Jemgyýet tarapyndan ugradylan 204 ulaglyk ynsanperwer kömegi Müsüriň we Iordaniýanyň ammarlarynda garaşýar.

IDDEF tarapyndan häzirki wagtda Gazada günde 3 müň  adama gyzgyn nahar bilen 50 müň çörek paýlanýar. Iki tanker arkaly günde 25 müň litrlik aguz suwy Gazanyň ýaşaýjylaryna paýlanýar.

Dünýädäki lukmanlar

Dünýädäki lukmanlar jemgyýeti 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bär, Gazada 43 müňden gowrak maşgala we 900 müňden gowrak adama saglyk hyzmadyny, azyk we lukmançylyk enjamlary kömegini berdi.

Al Şifa, Al Aksa we Al Ahli hassahanalarynda halky bejerýän lukmanlar, UNICEF arkaly Gazanyň demirgazygynda göçme hassahanalar arkaly çagalara we göwreli zenanlara sanjym edýär.

Jemgyýet 280 lukmana aýlyk berýär, Müsür we Iordaniýa arkaly 155 müňden gowrak adama lukmançylyk kömegini berdi.

Sadakataşy jemgyýeti

 Sadakataşy jemgyýeti Gazada 2 milliona golaý adama saglyk we azyk kömegini berýär.

Jemgyýet hassahanalara 6 tiz kömek ulagyny berdi. Iki çadyr şäherçä müň maşgalany we iki çadyr mektebe hem 400 okuwçyny ýerleşdirdi.

Gazada 22 müň maşgala azyk, 4 müň maşgala un, 110 müň maşgala çörek, 475 tankerlik suw paýlady.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us