DÜNÝÄ
2 minut okamak
Britaniýa saglyk ýagdaýy agyr bolan çagalary Gazadan howa ýoly arkaly ewakuasiýa eder
Soňky günlerde dowam edýän palestinlileriň saglyk üpjünçiligine elýeterliligi hakynda jekeleşik, esasanda ABŞ-nyň gazalylaryň wyzalaryny bes etmeginden soň hasam güýjedi.
Britaniýa saglyk ýagdaýy agyr bolan çagalary Gazadan howa ýoly arkaly ewakuasiýa eder
Britaniýa saglyk ýagdaýy agyr bolan çagalary Gazadan howa ýoly arkaly ewakuasiýa eder / Reuters
9 hours ago

Birtaniýanyň hökümeti Gazada agyr keselli we ýaraly bolan onlarça çagany bilermenler tarapyndan bejerilmekleri üçin ýurda getirmegi meýilleşdirýär. Bu başlangyç sebitdäki saglyk üpjünçiliginiň ençeme aýdan bäri dowam edýän Ysraýyl urşy sebäpli çagşamagy sebäpli döwletleriň lukmançylyk ewakuasiýa maksatnamalaryny giňeltmek hakyndaky çagyryşlaryň ýaýbaňlanmagy netijesinde edilýär.

Meýilnamalar hakynda maglumaty bolan resmileriň beýan etmegine görä ilkinji tapgyrda 30-50 çaga gelejek hepdelerde Birtaniýa getiriler.

Britaniýanyň Dalary işler, İçeri işler we Saglygy saklaýyş ministrligi tarapyndan utgaşdyrylan bu operasiýa, Gazadan ýaş kesellilerin Birtaniýa guramaçylykly ýagdaýda getirilmegini ýola goýjak ilkinji başlangyç bolar.

Palestiniň Gazadaky  Saglygy saklaýyş ministrliginiň lukmanlary tarapyndan haýsy çagalaryň bejergi üçin kesgitlenmegi we çagalaryň gyssagly zerurlyklaryna görä sanawa goşulmagyna garaşylýar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bolsa ewakuasiýa gözegçilik eder.

Bu başlangyç partiýalardan garaşsyz hereket edýän 96 iňlis halk deputatynyň Premýer-minstr Keir Starmeriň adminstrasiýasyna “gijä galman işe girişmek” hakyndaky çagyryşyny edýän hat ugratmagyndan soň edildi.

Halk deputatlary Gazanyň saglyk infrastrukturasynyň “ýumrulandygyny” we şertleriň “barha agyrlaşýandygyny” beýan etdi. ÝUNİSEF-iň görkezijilerine görä 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada 50 müňden gowrak çaga öldi ýa-da ýaralandy.

BSGG esasy bölegi çagalardan ybarat 15 müňe golaý palestinliniň janyna howp salýan trawmalar ýa-da rak we kardiowaskulýar hassalyklar ýaly hroniki keseller sebäpli gyssagly ewakuasiýa zerurlyk duýýandygyny çaklaýar.

Britaniýany we ÝB-ni bu ugurda pozisiýasyny berkitmäge çagyrýan ÝUNİSEF, Britaniýanyň geçen ýyldan bäri Gazadan diňe 2 lukmançylyk ewakuasiýasyny edendigini habar berdi.

Muňa garamazdan Müsür 4 müňe golaý, Birleşen Arap Emirlikleri bolsa 13 müň kesellini kabul etdi.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us