DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýanyň Ukrainanyň Donesk sebitine guran hüjüminde azyndan 21 adam ýogaldy
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, “Şuňa meňzeş rus hüjümlerine dünýä ýurtlary degişli jogaby bermeli” diýdi.
Russiýanyň Ukrainanyň Donesk sebitine guran hüjüminde azyndan 21 adam ýogaldy
14 hours ago

Ukraina tarapyndan sişenbe güni berlen beýannamada, ýurduň gündogarynda ýerleşýän Donesk sebitinde bir oba Russiýa tarapyndan guralan howa hüjüminde azyndan 21 adamyň ýogalandygy nygtaldy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Donesk sebitiniň Ýarowa etrapçasy Russiýa tarapyndan bombalandy” diýdi.

Zelenskiý, hüjümiň pensiýalaryň paýlanýan pursadynda guralandygyny nygtady.

“Şuňa meňzeş rus hüjümlerine dünýä ýurtlary degişli jogaby bermeli” diýen Zelenskiý “ABŞ, Ýewropa ýurtlary we G-20-a degişli ýurlar hüjüme degişli gaýtawuly görkezmeli. Russiýanyň adam pidalaryna sebäp bolýan hüjümlerine garşy degişli çäreler görülmeli” diýip belledi.

Hüjümden soň

Donesk sebitiniň gubernatory Wadym Filaşkin, Telegramdan beren habarnamasynda, hüjümde azyndan 21 adamyň ýogalandygyny, köp sanly adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Filaşkin, gözleg we halas ediş toparlarynyň hüjüm sebäpli ejir çekenlere degişli kömegi berendigini belledi.

Russiýa tarapyndan hüjüm hakynda heniz hiç hili maglumat berilmedi.

Ýarowa, Doneskde dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde esasy front liniýalayrndan biri bolan Lyman şäheriniň 14 kilometr demirgazyk günbatarynda ýerleşýär.

 

 

 

ÇEŞME:TRT
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us