DÜNÝÄ
1 minut okamak
ÝB blogyň howpsuzlygyny berkitmek üçin 150 milliard ýewrolyk serişde bölüp berdi
Polşa 43,7 milliard ýewrolyk iň uly paý aldy. Polşadan soň nobaty bilen Ruminýa, Fransiýa, Wengriýa we Italiýa gelýär
ÝB blogyň howpsuzlygyny berkitmek üçin 150 milliard ýewrolyk serişde bölüp berdi
há 8 horas

Ýewropa Komissiýasy, blogyň howpsuzlygyny berkitmek üçin taýarlanan täze Ýewropa Howpsuzlyk meýilnamasynyň çäginde 150 milliard ýewrolyk ýagny 175,6 milliard dollarlyk serişdäniň bölünip berlendigini mälim etdi.

Komissiýa görä, serişde ozal kömek soran gurama agza 19 döwlete paýlanar. Mukdarlar her ýurduň goranyş taslamalaryna we taýarlyk derejelerine bagly bolar.

Polşa 43,7 milliard ýewro bilen iň uly paýy alar.

Polşadan soň Ruminiýa 16,68 milliard ýewro, Fransiýa bilen Wengriýa her biri 16,21 milliard ýewro, Italiýa 14,9 milliard ýewro, Belgiýa 8,34 milliard ýewro, Latwiýa 6,37 milliard ýewro, Portugaliýa 5,84 milliard ýewro we Litwa 5,68 milliard ýewro alar.

Bolgariýa howpsuzlyk serişdesinden 3,26 milliard ýewro, Estoniýa 2,66 milliard ýewro, Slowakiýa 2,31 milliard ýewro, Çeh Respublikasy 2,06 milliard ýewro, Horwatiýa 1,7 milliard ýewro, Kipriň grek bölegi 1,18 milliard ýewro, Ispaniýa we Finlýandiýa her biri 1 milliard ýewro, Gresiýa 787 million ýewro we Daniýa 46,7 million ýewro alar.

ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri tarapyndan maý aýynda kabul edilen meýilanama gyssagly goranyş enjamlarynyň satyn alynmagy üçin uzak möhletleýin karz hödürleýär.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us