ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda Alýaskada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşjakdygyny mälim etdi. Tramp Moskwa bilen Kiýewiň arasynda bolup biljek parahatçylyk şertnamasynyň ýer çalşygyny öz içine alyp biljekdigini aýtdy.
Tramp anna güni “Truth Social” sosial platformasyndan beren beýanatynda: "Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda köpden bäri garaşylýan duşuşyk 2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda beýik Alýaskada bolar" diýdi.
Tramp ýanwar aýynda Ak Tama gaýdyp gelen gününden bäri Putin bilen ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirmändi.
Tramp ondan öň, Ak Tamda Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri bilen geçirilen üç taraplaýyn sammitde, Russiýa bilen Ukrainanyň parahatçylyk şertnamasynyň çäginde territorial çalşygyň boljakdygyny aýdypdy. Tramp: "Iki tarapa-da peýdaly boljak käbir sebitleýin alyş-çalyşlar bolar. Käbir territoriýalary yzyna almagy we käbirlerini alyş-çalyş etmegi maksat edinýäris” diýip belledi.
Tramp bu beýanatyny Wall Street Journal gazetiniň, Putiniň Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoffa, Ukrainanyň gündogar sebitindäki Donetsk sebitinden ähli güýçlerini çeken halatynda, doly ýaraşygy kabul etjekdigi baradaky habardan soň berdi.
Beýleki tarapdan bolsa, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý anna güni beren beýanatynda, Kiýewiň we onuň ýaranlarynyň Russiýa ýeterlik basyş edilse iň bolmanda atyşygyň mümkindigi barada umumy garaýyşa eýediklerini habar berdi.
Zelenskiý halka ýüzlenip eden çykyşynda dürli ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen ençeme duşuşyk geçirendigini we toparynyň ABŞ bilen hemişe aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy. Şeýle hem, Ukrainanyň we ýaran döwletleriň milli howpsuzlyk geňeşçileriniň anna güni maslahat geçirjekdigini aýtdy.