Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý şenbe güni beren beýanatynda, Russiýa territoriýa bermekden düýbünden ýüz öwürdi we "Ukrainasyz kararlaryň" parahatçylyk getirmejekdigini aýtdy.
Zelenskiý sosial ulgamdan beren beýanatynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň geljek hepde Alýaskada Ukrainadaky parahatçylygy ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýarlyk görýändigini belläp: “Ukrainalylar ýerlerini basyp alyjylara bermez" diýdi.
"Ukrainanyň islegi bolmazdan bize garşy kabul edilen islendik karar parahatçylyga garşy kabul edilen karardyr. Bu hiç hili netije bermez" diýip aýdan Zelenskiý, urşuň özleri bolmadan, Ukraina bolmadan tamamlanmajakdygyny beýan etdi.
Zelenskiý Ukrainanyň "parahatçylygy getirip biljek hakyky kararlara taýýardygyny", ýöne jikme-jiklikler bermezden "abraýly parahatçylyk" bolmalydygyny aýtdy.
Şowsuz gepleşikler
Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy giň gerimli uruş başladanyndan bäri on müňlerçe adam ýogaldy we millionlarça adam ýaşaýan ýerlerinden gaçmaga mejbur boldy.
Şu ýyl Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçirilen üç tapgyr gepleşik şowsuz boldy we sammitiň parahatçylyga nähili derejede ýakyn boljakdygy entek belli däl.
Putin bilen sammit geçiriljekdigi barada anna güni aýan eden Tramp, taraplaryň ikisinede peýda getirjek görnüşde käbir territorial üýtgeşmeleriň boljakdygyny beýan etdi.
Tramp we Putin soňky gezek 2019-njy ýylda Trampyň ilkinji Prezident möhletinde Ýaponiýada geçirilen G20 sammitinde duşuşyk geçiripdiler. Liderler ýanwar aýyndan bäri birnäçe gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdiler.