Ýakyn Gündogardan, esasan hem 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Palestinadan gelip gowuşýan habarlara, jikme-jik ýagdaýda gözegçilik etmek kyn ýagdaýa öwrüldi.
Käbir habarlar beýlekilerden has möhüm ähmiýete eýe bolan bolsa, käbirleri şol bada diýen ýaly ähmiýetini ýitirýär diýen ýaly.
Şol wakalaryň biri hem 2025-nji ýylyň 20-nji fewralynda, penşenbe güni agşam başdan geçirildi. Tel-Awiwde üç sany boş ýolagçy awtobusynda partlamalar boldy. Bu waka şäherde howsala döreden bolsa, Ysraýylyň resmileri hasap soraljakdygyny belläp, öýke-kinelerini beýan etdiler.
Garaşylşy ýaly, Ysraýyl bu partlamalar üçin Palestinanyň garşylyk hereketlerini günäkärledi. Sosial mediada Ysraýylyň basylyp alnan Günbatar Şeriada geçiren reýdlerine jogap hökmünde palestinaly toparlarynyň bu partlamalary amala aşyrandygy barada maglumatlar ýaýrady.
Ysraýylyň resmileri partlamadyk bir partlaýjy maddanyň ýanynda "Şehitler, Nasrallah, Sinwar" diýen ýazgy tapylandygyny öňe sürdüler. Palestinany günäkärlemek üçin esas döretmäge synanyşylýardy.
Ysraýylyň metbugaty hem tiz wagtda bu partlamalar sebäpli Kassam brigadalarynyň Tulkerim batalýonyny günäkärledi. Emma topar bu aýyplamalary düýbünden ret etdi.
Şoňa garamazdan uruş meýillileri bolan ysraýylly toparlaryň durmak niýetleri ýokdy. Bombaly hüjümlerden birnäçe sagat soň Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada operasiýanyň başladylmagy barada görkezme berdi.
Bir gün soň Netanýahu Tulkerim bosgun düşelgesindäki Palestinalylaryň biriniň öýünde harby serkerdeler bilen bilelikde surata düşdi, diwarda Ysraýylyň baýdagy asylypdy. Bu bolsa öz öýlerinden çykarylan palestinalylar üçin has hem kemsidiji boldy.
Ondan soňky günlerde habarlar başga wakalara ünsleri çekdiler. Ysraýyl Bibas maşgalasynyň ölümi bilen bagly tassyklanmadyk aýyplamalary ýaýratdy we sebitleýin ýurtlar ýaraşyk tapgyryny dikeltmäge synanyşdy.
Bombalary awtobuslara kim goýdy we partlatdy? Partlamalara degişli derňewler bilen baglanyşykly elýeterli maglumatlar şu aşakdakylardan ybarat.
Ysraýylyň resmileri awtobus partlamalary bilen baglanyşykly maglumatlaryň çap edilmegine üç hepdelik gadagançylyk girizdi. Bu gadagançylyk Ysraýylyň içerki howpsuzlyk gullugy Şin Betiň iki ýewreý ysraýyllynyň bu waka bilen baglanyşykly tussag edilendigini yglan etmeginden soň güýje girdi.
Ysraýylyň kazyýeti göz tussaglygyna alynan Ysraýylyň raýatlarynyň biriniň tussaglyk möhledini 10 gün uzatdy.
Ysraýylyň hökümedi şübhe astynda bolan adamyň aklawçysy bilen duşuşmagyny gadagan etdi. Goşmaça jenaýatçylaryň we şärikleriniň gözlegleri dowam edýär. Şübhe astynda bolan adamlaryň biriniň aklawçysy günäkärlemeleri ret etdi we müşderisini “Ysraýyly we halkyny söýýän bir adam” hökmünde häsýetlendirdi.
Häzirki wagtda elimizde bulardna başga maglumat ýok, sebäbi Ysraýyl islendik maglumatyň daşary ýurda syzmagyny täsirki ýagdaýda gadagan edýär.
Emma Ysraýylyň "terrorçylyga garşy göreş" taryhy bize bir zat öwreden bolsa, ol hem hüjümçiler hakykatdanam basylyp alnan Günbatar Şeriadan bolan bolsady, olaryň atlary we suratlary eýýäm Ysraýylyň habar beriş serişdelerinde giňden ýaýrap, öýleri bolsa eýýäm ýumrulardy.
Awtobus partlamalary bilen baglanyşykly iki ýewreý ysraýyllynyň tussag edilmegi, zorlukly ýewreý aşa sagçy hereketleriň we Ysraýyl döwletiniň arasyndaky çylşyrymly gatnaşygy ýatlatmalydyr.