DÜNÝÄ
1 minut okamak
Owganystanda bolan awtobus heläkçiliginde ýogalanlaryň sany 76 adama ýetdi
Guzara etrabynda awtobusyň ýangyç tankeri bilen kakyşandygy sebäpli köp sanly adamyň ýogalandygy nygtaldy.
Owganystanda bolan awtobus heläkçiliginde ýogalanlaryň sany 76 adama ýetdi
4 hours ago

Owganystanyň günbatarynda Eýrandan owgan bosgunlary alyp gelýän awtobusyň iki ulag bilen kakyşmagy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 76 adama ýetendigi nygtaldy.

Herat şäheriniň häkiminiň orunbasary Muhammed Sadi çarşenbe güni beren beýannamasynda “Wakada 76 raýatymyz ýogaldy, 3 adam hem agyr ýaralandy” diýdi.

Sadi, sişenbe güni AFP-ä beren beýannamasynda awtobusyň Eýrandan owgan bosgunlary paýtagt Kabula alyp gelýändigini aýtdy.

BMG-nyň Halkara immigrantlar düzümine görä, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri Eýrandan we Pakistandan azyndan 1,5 million adam Owganystana yzyna dolandy.

Eýran bilen Pakistan onlarça ýyldan bäri ýurdunda bolýan owgan bosgunlary ýurtlaryndan çykarmaga çalyşýar.

Bakhtar habarlar gullugy, heläkçiligi soňky ýyllarda ýurtda bolan iň uly heläkçiliklerden biri hökmünde häsiýetlendirdi.

Owganystanda onlarça ýyldan bäri dowam edýän söweş sebäpli ýollara uly zeper ýetirlendigi üçin ýygy-ýygydan ulag heläkçilikleri başdan geçirilýär.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Owganystanda ýangyç tankeri bilen ýük ulagynyň kakyşmagy sebäpli azyndan 52 adam ýogalypdy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us