DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistanda dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde bäş adam ýogaldy
Resmiler iýun aýyndan bäri dowam edýän musson döwründe täze adam pidalary bilen birlikde jemi ýogalanlaryň sanynyň 370 adama ýetendigini, 740-dan gowrak adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdiler.
Pakistanda dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde bäş adam ýogaldy
16 август 2025

Resmileriň biriniň anna güni beren habaryna görä, Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Haýber Pahtunhwa welaýatynda kömek enjamlaryny alyp barýan dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 2 uçarman bilen 5 adamdan ybarat ekipaž ýogaldy, ýagan täze ýagyşlar we duýdansyz sil apatlary sebäpli bolsa ýene-de 164 adam ýogaldy.

Welaýatyň Premýer-ministri Ali Amin Gandapur welaýat häkimligine degişli Mi-17 dikuçarynyň güýçli howa şertleri sebäpli güýçli ýagyşdan ejir çeken sebitlere kömek enjamlaryny alyp barýarka heläkçilige uçrandygyny habar berdi.

Tebigy betbagtçylyklary dolandyrmak boýunça milli edara (NDMA) tarapyndan berlen maglumatlara görä, ýagyş we sil apatlary Pakistanda ýene-de 164 adamy öldürdi, olaryň 150-si ýurduň Haýber-Pahtunhwa welaýatyndandygy mälim edildi.   

NDMA welaýatda18 adamyň ýaralanandygyny we ençeme adamyň dereksiz ýitendigini habar berdi. Şeýle hem, Gilgit-Baltistan welaýatynda 5 adamyň, Pakistan tarapyndan dolandyrylýan Kaşmirde (Azad Jammu we Kaşmir ady bilen hem tanalýar) 9 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Welaýatyň halas ediş bölüminiň metbugat sekretary Bilal Ahmed Faizi Anadolu habarlar gullugyna telefon arkaly beren beýanatynda güýçli ýagyşlar we duýdansyz ýagmyrlar Haýber-Pahtunhwa welaýatynda uly göwrümli sil apatlarynyň döremegine sebäp bolandygyny aýan etdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us