Daniýanyň Premýer ministri Mette Frederiksen şenbe güni beren beýanatynda, Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň indi “mesele” ýagdýayna gelendigini we ýurdunyň häzirki wagtda ÝB-niň döwürleýin başlygy wezipesini ýerine ýetirýändigini ýatladyp, Gaza urşy babatynda Ysraýyla basyş etmäge çalyşjakdygyny beýan etdi.
Daniýanyň Premýer ministri Mette Frederiksen “Jyllands-Posten” gazetine beren beýanatynda: “Netanýahunyň indi özi bir mesele” diýip, ysraýylly lideriň "örän aşa gidendigini" aýtdy.
Frederiksen Gazadaky "düýbünden gorkunç we elhenç" ynsanperwerlik ýagdaýyny we basyp alnan Günbatar Şeriada täze bikanun ýaşaýyş taslamalaryny berk tankyt etdi.
Mette Frederiksen: “Biz Ysraýyla edilýän basyşy artdyrmak isleýän ýurtlaryň biri, emma entek ÝB-ne ağza ýurtlaryň goldawyny alyp bilmedik" diýdi.
2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza garşy alnyp barylýan genosid häsýetindäki uruş, BMG tarapyndan ynamdar hasaplanýan Gazadaky saglygy goraýyş resmileriniň berýän maglumatlaryna görä, aglabasy asuda ilat bolmak bilen 61430-dan gowrak palestinalynyň ýogalmagyna sebäp boldy.