SYÝASAT
1 minut okamak
Putin: Alýaskada geçirilen sammitde gazanylan “ylalaşyklar” Ukrainada parahatçylyga itergi berýär
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ukraina meselesine “uzak möhletli we durnukly” çözgüt gözleýändigini beýan etdi.
Putin: Alýaskada geçirilen sammitde gazanylan “ylalaşyklar” Ukrainada parahatçylyga itergi berýär
Putin: Alýaskada geçirilen sammitde gazanylan “ylalaşyklar” Ukrainada parahatçylyga itergi berýär / AP
7 hours ago

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin awgust aýynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren sammitinde gazanan “ylalaşyklarynyň” Ukrainada parahatçylyga ýol açandygyny we ony Hytaýdaky sebitleýin sammite gatnaşýan liderler bilen ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Putin Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen Orta Aziýadan, Ýakyn Gündogardan, Günorta Aziýadan we Günorta-gündogar Aziýadan liderlerin gatnaşmagyndaky Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň forumyna gatnaşýar. Sammit Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin tarapyndan Týansinde guralýar.

Putin forumda sözlän sözünde “Ukraina meselesiniň çözülmegini ýeňilleşdirmegi nazarda tutýan Hytaýyň we Hindistanyň tagallalaryna hem-de tekliplerine kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

“Alýaskadaky soňky Russiýa-ABŞ sammitinde gazanylan düşünjäniň hem şol maksada goşant goşmagyny tama edýärin” diýip, Putin sözüniň üstüni ýetirdi.

Tramp bilen ýekşenbe güni geçiren gepleşikleriniň netijelerini Szinpine giňişleýin gürrüň berendigini aýdan Putin, çaknyşygyň çözülmegi üçin “häzirki wagtda dowam etdirilýän gepleşikler” hakynda Hytaýyň lideri we beýleki gatnaşyjylar bilen geçiriljek özara duşuşyklarda  maglumat berjekdigini aýtdy.

Putin: “Ukrainadaky çözgüdiň durnukly we uzak möhletli bolmagy üçin meseläniň düýp sebäpleri seljerilmeli” diýdi.

Çaknyşygyň sebäbiniň bir böleginiň “Günbataryň Ukrainany NATO agzalyga kabul etme tagallaryndan” gelip çykýandygyny nygtan Putin, bu meselede duýduryş berdi.

DegişliTRT World - Trump and Putin leave Alaska summit hopeful, yet no Ukraine deal
ÇEŞME:TRT World
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us