DÜNÝÄ
1 minut okamak
Meksika 26 neşe kartel agzasyny ABŞ-a ekstradisiýa etdi
Meksika ABŞ-nyň resmileriniň ekstradisiýa talabyny bildirendigini we ady agzalan adamlar üçin ölüm jezasyny talap etmejekdigini aýtdy.
Meksika 26 neşe kartel agzasyny ABŞ-a ekstradisiýa etdi
18 hours ago

Meksika ABŞ tarapyndan gözlegde bolan neşe karteliniň 26 agzasyny deportasiýa etdi. Bu ädim Prezident Donald Trampyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümetiň ýurtdaky güýçli neşe toparlaryny çökertmek maksady bilen edýän basyşynyň artan döwrüne gabat geldi.

Meksikanyň Baş prokuraturasy we Howpsuzlyk ministrliginiň sişenbe günündäki bilelikdäki beýannamasyna görä, ABŞ tarapyndan neşe söwdasyny edýän toparlar bilen arabaglanşyklarynyň barlygy sebäpli gözlenýän 26 tussagly ekstradisiýa edildi.

Meksikanyň hökümeti ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň şol adamlaryň ekstradisiýa edilmegini isländigini we günäkärlenýänler üçin ölüm jezasyny talap etmejekdigini aýtdy.

ABŞ-a ekstradisiýa edilenleriň arasynda meşhur “Halisko täze nesil kartel” (CJNG) bilen ýakyn arabaglanyşygy bolan “Los Kuinis” guramasynyň ýolbaşçylaryndan Abigael Gonzalez Walensiýa hem bar.

Başga bir tussagly bolan Roberto Salazar 2008-nji ýylda Los-Anjeles okrugynyň şerifiniň orunbasarynyň öldürilmegine gatnaşmak bilen aýyplanýar.

Bu, Meksikanyň birnäçe aýyň içinde ABŞ-a ekstradisiýa eden ikinji topary. Neşe gaçakçylygynda, adam öldürmekde we beýleki jenaýatlarda aýyplanýan kartel agzalarynyň ekstradisiýa edilmegi, Trampy ýolbaşçylygyndaky hökümetiň serhetaşa neşe gaçakçylygyny bes etmek ugrundaky tagallalarynyň bir bölegi hökmünde görülýär.

Meksika fewral aýynda bolsa 1985-nji ýylda ABŞ-nyň DEA işgäriniň öldürilmeginiň arkasynda duran neşe serişdeleriniň söwdasyny edýän Rafael Karo Kintero bilen birikde 29 kartel agzasyny ABŞ-na ekstradisiýa edipdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us