TÜRKIÝE
1 minut okamak
TOGG täze modelini Germaniýada tanyşdyrdy
TOGG-yň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly, firmanyň Türkiýede gazanan üstünliklerinden soň Ýewropa bazaryna girmeginiň möhüm pursatdygyny nygtady
TOGG täze modelini Germaniýada tanyşdyrdy
منذ 11 ساعات

Türkiýäniň elektrikli awtoulag öndüriji firmasy TOGG täze modelini Germaniýada tanyşdyrdy.

Firma Ýewropadaky satuwlaryna Germaniýadan başlajakdygyny mälim etdi.

TOGG Ýewropanyň iň uly we bäsdeşikli awtoulag bazaryna girip täze girdeji çeşmelerini gözleýär.

TOGG duşenbe güni T10X elektrikli Suw modeliniň Ýewropada satuwa çykjakdygyny mälim etdi we T10F atly elektrikli 5 gapyly sedan modelini tanyşdyrdy.

TOGG iki modeliň hem satuwynyň Germaniýadan başlajakdygyny mälim etdi.

TOGG-yň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly, firmanyň Türkiýede gazanan üstünliklerinden soň Ýewropa bazaryna girmeginiň möhüm pursatdygyny nygtady.

TOGG-yň önümçiliginde başdan geçirlen kynçylyklar hakynda durup geçen Tosýaly “Taryhda ilkinji gezek ähli hukuklary Türkiýä degişli bolan awtoulag öndürmek etabynda elbetde käbir kynçylyklary başdan geçirdik we emma biz şol kynçylyklaryň hötdesinden geldik”diýip belledi.

TOGG-yň iki modeliniň bahasy barada bolsa hiç hili maglumat berilmedi.

Geçen ýyl Türkiýede 30 müňe golaý T10X Suw modeli satyldy.

Üstümizdäki ýylyň awgust aýyna çenli satuwlar 42 göterim ýokarlady we häzire çenli TOGG-yň 21 müňe golaý T10X modeli satyldy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us