Türkiýänin Daşary işler ministri Hakan Fidan ýekşenbe güni Dohada geçirilýän ministrleriň derejesindäki taýýarlyk maslahatyna gatnaşýar. Bu maslahat duşenbe güni Kataryň paýtagtynda geçiriljek nobatdan daşary Arap-Yslam sammitiniň öň ýanynda guralýar.
Taýýarlyk maslahatynda Kataryň talaby we Türkiýänin Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň ýolbaşçysy hökmünde goldaw bermeginde 9-njy sentýabrda Ysraýylyň Doha guran hüjüminden soň geçirilýän nobatdan daşary sammitde hödürlenjek taslama karar hakynda pikir alyşylar.
Fidanyň Türkiýänin Katara goldawyny ýene-de bir gezek nygtamagyna we Ysraýyly diňe bir parahatçylyk tagallalaryny däl, şol bir wagtda-da Kataryň özygtyýarlylygyna hem-de territorial bitewiligine äsgermezçiligi sebäpli ýazgarmagyna garaşylýar. Şeýle hem bu hüjümiň gahor Binýamin Netanýahunyň adminstrasiýasynyň Gazada atyşygy bes etme niýetiniň ýokdugyny görkezýändiginini beýan eder.
Diplomatik çeşmemeriň beýan etmegine görä Fidan Türkiýänin uzak wagtdan bäri beýan edýän Ysraýylyň agressiýasynyň diňe bir palestinliler bilen çäkli bolmajakdygyny, uly sebitleýin howpa öwrüljekdigini ýene-de bir gezek nygtamagy meýilleşdirýär.
Fidanyň Ysraýylyň iki döwletli çözgüdi bökdeme synanşyklaryny we sebitleýin çökgünlikleri syýasy maksatlary üçin peýdalanma tagallasyny tanky etmegine, sebitleýin güýçleriň we jogapkär global taraplaryň güýçli gaýtawul üçin utgaşyklygy ýola goýmagy üçin çagyryş etmegine garaşylýar.
Üçünji bilelikdäki Arap-Yslam sammiti
Beýan edilmegine görä Türkiýäniň Daşary işler ministri birnäçe ýurduň Palestini ykrar etme niýetini eýan edendigine ünsleri çeker we onuň Ysraýyla garşy anyk çäreler bilen goldanmalydygyny nygtar.
Fidanyň Palestiniň BMG-niň doly agzalygyny kepillendirmek üçin tagallalaryň depgininiň güýçlendirilmegi üçin çagyryş bermegine we Ysraýylyň Gazadaky genosidini togtatmak üçin atyşygyň durnukly bes edilmeginiň dessine ýola goýulmalydygny nygtamagyna garaşylýar.
Döwlet ministrlerinin gatnaşmagyndaky nobatdan daşary sammit, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Gaza urşuny başlatmagyndan bäri geçiriljek bilelikdäki Arap-Yslam sammitiniň üçünjisi bolar.
Sammitiň gün-tertibinde Ysraýylyn Gazawe basylyp alynan Günbatar Şeria hüjümleri, basyp alyjy hem-de anekksiýa syýasatlary bilen Hamasyň ýolbaşçylaryna Dohada guran hüjümleri bolar.
Nobatdan daşary Arap-Yslam sammitleri nobaty bilen 2023-nji ýylyň nobarynda we 2024-nji ýylyň noýabrynda Riýad şäherinde geçilipdi.