SYÝASAT
2 minut okamak
Daşary işler ministri Hakan Fidan Italiýada saparda bolar
Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1856-njy ýylda ýola goýulýar..
Daşary işler ministri Hakan Fidan Italiýada saparda bolar
Fidan, Italiýanyň öňdebaryjy intellektual merkezlerinden biri bolan Istituto Affari Internazionali-da syýasat barada çykyş etmäge garaşylýar. / AA
September 10, 2025

Daşary işler ministrligi, ministr Hakan Fidanyň sentýabr aýynyň 11-12-si aralygynda resmi sapar bilen Italiýa gitjekdigini mälim etdi.

Daşary işler ministri Fidan, Italiýanyň Daşary işler, halkara hyzmatdaşlyk ministri we Wise-premýer Antoniu Tažany bilen duşuşar.

Iki ministr soňky gezek maý aýynyň 14-15-i aralygynda Antalýada geçirlen NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde duşuşypdy.

Bu sapar iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli saparlaryň dowamy aýratynlygyna eýe.

29-njy aprelde Rim, Prezident R. T. Erdoganyň we Italiýanyň Premýer-ministri Meloniniň ýolbaşçylygynda geçirlen 4-nji Türkiýe-Italiýa hökümetara sammite eýe eýeçiligini edipdi.

Ýaňy ýakynda hem 1-nji awgustda Stambul şäherinde Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda Türkiýe-Italiýa-Liwiýa üçtaraplaýyn liderler sammiti geçirlipdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Fidan bilen Tažany duşuşykda Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk we NATO, guralýan iki taraplaýyn ýokary derejeli saparlaryň ähmiýeti we özara söwda mukdarynyň 40 milliard dollara ýetirilmegi hakynda pikir alyşar.

Hakan Fidan, Türkiýe-ÝB gümrük bileleşigi şertnamanyň gözden geçirilmeginiň ähmiýetini nygtar we energetika howpsuzlygy we goranyş senagaty ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi meselesini gün tertibine getirer.

Bikanun göç, NATO bilen arabaglanşykly meseleler we Türkiýe-ÝB gatnaşyklary meselesi bilen birlikde Liwiýa, Gaza, Siriýa, Ukraina, Eýran we Afrika meselesiniň hem gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Günsaýyn ösýän hyzmatdaşlyk

Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky söwda mukdary 2024-nji ýylda 32,2 milliard dollara barabar boldy. Şol mukdary İtaliýany Türkiýäniň dünýäde 5-nji, ÝB-ne agza ýurtlarda bolsa iň uly ikinji eksport bazary ýagdaýyna getirdi.

Rimde geçirlen soňky hökümetara sammitde liderler, özara söwda mukdaryny 40 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändigini mälim edipdi.

Iki ýurduň arasynda goranyş we energetika pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlyk gün saýyn artýar.

Maý aýynda türk goranyş firmasy Baýkar, Italiýanyň awiasiýa firmasy Leonardo bilen uçarmansyz howa ulgamlary boýunça şäriklik şertnamasyny baglaşdy.

Iýun aýynda bolsa Baýkar Italiýanyň Piaggio Aeropaýs firmasyny satyn aldy.

Türkiýäniň Typhonn harby uçarlaryny satyn almagy üçin gepleşikler dowam edýär.

Syýasatdan we söwdadan daşary Italiýada ýaşaýan 50 müň adamlyk türk jemgyýeti ýurduň sosial we medeni durmuşyna uly goşant goşmaga dowam edýär.

Syýahatçylyk pudagy hem özara gatnaşyklarda uly rol oýnaýar.

2024-nji ýylda Italiýadan 719 müňden gowrak adam Türkiýä geldi.

 

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us