Ysraýylyň Gaza zolagynyň Han Ýunus şäherindäki Nasyr Lukmançylyk kompleksine guran hüjümlerinde aralarynda fotožurnalist Muaz Abu Taha we Merýem Abu Dakka, Palestina TW operatory Hüsam al-Mysri bilen Aljaziranyň habarçysy Muhammed Selame hem bolan 4 žurnalist ýogaldy.
Soňky hüjümler söweşiň Gazada metbugata ýetiren adatdan daşary zyýanyny görkezdi we ol žurnalistler üçin dünýäde iň ganly ýeri boldy.
Geçen hepdäniň ahyrynda Palestinaly žurnalistler kärdeşler arkalaşygy, Palestina TW operatory Halid Al-Madhunyň ynsanperwer kömek gözleýän asuda ilatyň wideosyny çeken Gazanyň demirgazygyndaky Zikim sebitinde Ysraýylyň guran hüjüminiň netijesinde ýogalandygyny habar berdi.
Bu soňky ölümler 10-njy awgustda Gaza zolagynda guralan we Aljaziranyň 6 işgäriniň ýogalan hüjümlerden soň hasaba alyndy. Ysraýylyň resmileri birnäçe wagt soň ýogalanlaryň biriniň hiç hili subutnama görkezmeden Hamasyň serkerdesidigini öňe sürdi.
TRT World tarapyndan toplanan maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ysraýyl tarapyndan başladylan söweşden soň Gazada azyndan 244 žurnalist we metbugat işgäri Ysraýylyň hüjümlerinde ýogaldy.
500-den gowrak žurnalist we metbugat işgäri ýaralandy, göçürildi ýa-da sürgün edildi.