Palestiniň söweşjeň topary Hamas töwellaçylaryň araçylyk etmeginde ABŞ-dan hüjümleriň bes edilmegi boýunça täze bir teklibiň geplip gowşandygyny we gepleşiklere başlamaga taýýardygyny beýan etdi.
Hamasyň beýanatynda; “halkymyza edilýän hüjümleri duruzmaga goşant goşjak ähli başlangyçlaryň kanagatlanma döredýändigi” nygtalyp, urşuň resmi taýdan gutarmagynyň we Hamasyň Ysraýylyň sebitden dolulygyna çekilmeginiň öwezinde ýesirleriň boşadylmagy üçin gepleşiklere taýýardygy habar berildi.
Hamas, sebitdäki administratiw meseleleri dolandyrmak üçin garaşsyz Palestin komitetiniň döredilmegine razy boldy we Ysraýylyň şertnama laýyklykda öz borçlaryny ýerine ýetirmegini talap etdi, “geçmişde baglaşylan ylalaşyklaryň ret edilmegi ýa-da bozulmagy ýaly ýagdaýlaryň gaýtalanmazlygy üçin”.
Netanýahu: ‘Trampyň teklibini çynlakaý seljerýäris’
Hamas 18-nji awgustda ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff tarapyndan hödürlenen teklibiň esasynda Müsüriň we Kataryň töwellaçylarynyň teklibini kabul edendigini, emma “(Ysraýyl) basybalyjylaryň şu wagta çenli jogap bermändigini, tersine gyrgynçylyk we etniki saplaýyş kampaniýasyny dowam etdirýändigini” belledi.
Hamas şol sebäpli bu teklipleri halkynyň talaplaryny kanagatlandyrýan giňişleýin ylalaşyga öwürmek üçin araçylar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýandyklaryny beýan etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýekşenbe güni Gazada ýaraşyk we ýesirleri çalyşmak boýunça üçin teklip hödürländigini we Ysraýylyň doly razylygyny alandygyny aýtdy. Ysraýylyň Premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň adminstrasiýasy bolsa Trampyň teklibini henizem “çynlakaý gözden geçirýändiklerini” aýtdy.
Hamas Ysraýyl bilen, ähli ysraýylly ýesirleriň boşadylmagy, Gazadaky urşy bes etmek we Ysraýylyň güýçleriniň doly çekilmegini üpjün etmek üçin giňişleýin şertnama baglaşmaga taýýardygyny birnäçe gezek mälim etdi.
Emma Netanýahu şeýle teklipleri ret edip, gepleşikleriň her bir tapgyrynda täze şertleri girizmäge mümkinçilik berýän bölekleýin ylalaşyklardan egilşik etmän, ozalky teklipleri ret edipdi.