Ukrainanyň Russiýanyň günbatarynda Kursk sebitinde ýerleşýän ýadro desgasyna uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjümi ýangyna sebäp boldy.
Halkara Atom energiýasy gullugy tarapyndan degişli taraplara ýadro desgalarynyň goralmagy boýunça çagryş berildi.
Rus ýolbaşçylar ýekşenbe güni, Ukrainanyň ýadro desgalaryna hüjüm gurandygyny habar berdi.
Kursk ýadro elektrik bekedinde hüjüm sebäpli bolan ýangynyň söndürlendigi mälim edildi. Hüjüm sebäpli transformatora zeper ýetirlendigi emma radiasiýanyň derejesiniň adaty çäklerde galandygy bellenildi.
Gubernator Aleksandr Hinşteýn Telegramdan beren habarnamasynda, hüjümiň ýadro howpsuzlygy taýdan diýseň howpludygyny we halkara şertnamalarynyň basgylanýandygyny mälim etdi.
BMG-nyň çäginde iş alyp barýan Halkara Atom energiýasy gullugy, hüjüm sebäpli transformatoryň ýanandygyny we munyň diýseň howpludygyny aýan etdi.
Halkara Atom energiýasy gullugynyň Baş müdüri Rafael Mariano Grossi, “Ýadro desgalary goralmaly” diýdi.
Halkara Atom energiýasy gullugy, Ukraina serhedinden 60 kilometr alysda ýerleşýän Kursk ýadro elektrik bekediniň golaýynda radiasyýanyň derejesiniň adaty çäklerde bolandygyna ünsi çekdi.
Ukraina tarapyndan hüjüm hakynda heniz hiç hili maglumat berilmedi.
Russiýanyň Goranmak ministri, Ukraina tarapyndan atylan 95 dronyň rus howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykarlandygyny habar berdi.
Beýleki tarapdan Ukrainanyň howa güýçleri, Russiýa tarapyndan atylan 72 drondan 48-niň urlup düşürlendigini mälim etdi.
Ýaranlary Ukraina goldaw berýär
Bu wakalar Ukrainanyň 1991-nji ýylda Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny yglan eden güni mynasibetli baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän günlerinde gabat geldi.
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Kerneý, ýekşenbe güni Ukraina sapar gurady we Prezident Zelenskiý bilen duşuşdy.
Norwegiýa hem ýekşenbe güni Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary üçin 695 million dollarlyk harby kömek berjekdigini mälim etdi.