DÜNÝÄ
2 minut okamak
Tramp: “Putin bilen Zelenskiýniň arasyndaky duşuşyk üçin taýýarlyklar görülýär” diýdi
ABŞ-nyň prezidenti üçtaraplaýyn sammitiň geçirilmeginiň ähtimaldygyny aýdýar, Ýewropanyň liderleri bolsa Ukrainanyň howpsuzlyk kepilliklerini goldaýarlar.
Tramp: “Putin bilen Zelenskiýniň arasyndaky duşuşyk üçin taýýarlyklar görülýär” diýdi
16 hours ago

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirendigini we Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýiň arasynda geçiriljek duşuşygyň taýýarlyklarynyň hem dowam edýändigini aýtdy.

Tramp duşenbe güni beren beýanatynda: “Wise-prezident J.D. Wans, Döwlet sekretary Marko Rubio we ýörite wekil Witkoff Moskwa we Kiýew bilen utgaşykly iş alyp barýarlar. Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylygyň gazanylmagy mümkinçiligine hemmeler örän şat” diýip belledi.

Tramp: “Putin bilen Zelenskiniň arasynda garaşylýan ikitaraplaýyn duşuşykdan soň, meniň hem gatnaşmagymda üç taraplaýyn duşuşyk geçireris" diýdi.

AFP habar gullugyna beýanat beren bir habar çeşmäniň aýtmagyna görä Putin Trampa Zelenskiý bilen duşuşmaga taýýardygyny aýdypdyr.

Bu telefon söhbetdeşligi Trampyň Ak Tamda ýewropaly liderler bilen geçiren duşuşygynda Putin bilen Alýaska sammitinden birnäçe gün soň geçirildi.

Zelenskiý bolsa öz gezeginde, Ukrainanyň Trampyň "Russiýa-Ukraina söweşini duruzmak we diplomatik ýol tapmak" tagallalaryny goldaýandygyny we üçtaraplaýyn sammite gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Zelenskiý: “Öldürmegi duruzmak üçin iş alyp barýandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin” diýip, howpsuzlyk we parahatçylyk ýola goýlanyndan soň saýlawlaryň geçirilemgine taýýardygyny beýan etdi.

Mundan başgada Zelenskiý: “Indi ABŞ-dan ýarag satyn almak mümkinçiligimiz bar we bu Ukrainanyň goşunynyň ýaraglanmagy üçin howpsuzlyk kepilliklerini üpjün etmek üçin möhümdir” diýip nygtady.

Tramp duşenbe güni irden Truth Social platformasyndan beren beýanatynda, Kiýewi Krymy yzyna almaga we NATO agzalygy üçin edýän tagallalaryny bes etmäge çagyrdy.

Ýewropanyň aladalary

Zelenskiý X platformasyndan beren beýanatyda: “Russiýa diňe güýç bilen parahatçylyga mejbur edilip bilner we Prezident Trampda şol güýç bar” diýip jogap berdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Fridrih Mers Waşingtondaky duşuşykdan soň eden çykyşynda: “Bu günler Ukraina üçin örän möhüm” diýip, “Putiniň Zelenskiý bilen sammite gatnaşmaga gaýrat tapjakdygyna” şübhe bildirdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us