BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi, Siriýanyň özygtyýarlygyny, garaşsyzlygyny, jebisligi we territorial bitewiligi tassyklady we ýurduň geçiş etrabyna garşy bolan tutumlary ýazgardy.
Howpsuzlyk geňeşinden berlen beýannamada, “Howpsuzlyk geňeşi, Siriýa Arap Respublikasynyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna, jebisligine we territorial bitewiligine goldaw bermäge dowam eder we dünýä ýurtlaryna hem şol ýörelgelere sarpa goýmaklary üçin çagyryş berýär” diýildi.
Beýannamada, “BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi Siriýanyň syýasy, howpsuzlyk we ykdysady taýdan geçiş etabyna zeper ýetirip biljek hereketleri ýazgarýar”diýildi.
Howpsuzlyk geňeşi dünýä ýurtlaryna, Siriýanyň durnuksyzlygyna sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durulmagy üçin çagyryş berdi.
Beýannamada, iýul aýynda Siriýanyň günortasynda ýerleşýän Suweýda welaýatynda başdan geçirlen wakalara alada bildirildi we sebitde dartgynlygyň möwjemegini berk ýazgardy.
Merkezi Londonda ýerleşýän Siriýa adam hukuklary topary, Suweýda welaýatynda 19-njy iýuldan bäri druzlar bilen bedebi toparlaryň arasynda başdan geçirlen we 1 hepde dowam eden wakalarda 426 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.
Terrora garşy göreş
Beýannamada, 1974-nji ýyldaky Güýçleriň aýrylmagy şertnamasyna we şol çäkde BMG-nyň synçy toparynyň rolyna sarpa goýulmagynyň möhümdigi nygtaldy we dartgynlygyň gowşamalydygyna üns çekildi.
Siriýada iş alyp barýan terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreşiň alnyp barylmagynyň möhümdigi nygtaldy we terrorçylar tarapyndan abanýan howpa alada bildirildi.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Siriýanyň syýasy geçiş etabyna goldaw berýändigine üns çekildi.
Beýannamada ýurtdaky ähli etniki we dini toparlaryň goralmalydygy nygtaldy.
Beýannamada “Howpsuzlyk geňeşi, Siriýanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçylarynyň zulumy ýazgarýan we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalaryna kanagatlanma bildirýär” diýildi.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň, Başar Asadyň 25 ýyllyk häkimiýetinden soň 2024-nji ýylyň ahyrynda gurlan wagtlaýyn hökümetiň durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edýän döwründe beren bu beýannamasy diýseň möhüm.
Ysraýyl Asadyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň, 1974-nji ýyldaky Güýçleriň aýrylmagy şertnamasyny basgylady, Siriýanyň Golan depelerinde ýaragsyzlandyrlan araçäk zolagy ele geçirdi.
Ysraýyl mundan başgada Siriýadaky harby merkezleri, harby uçarlaryny, raketa ulgamlaryny we howa goranyş ulgamlaryny nyşana alýan ýüzlerçe hüjüm gurady.