DÜNÝÄ
1 minut okamak
Täze Zelandiýa Palestin döwletini ykrar etmegi göz öňünde tutýar
Sentýabr aýynda geçiriljek BMG-nyň Baş Assableýasynyň öňüsyrasynda Awstraliýa, Britaniýa we Kanada ýaly birnäçe ýurduň Palestin döwletini ykrar etmegine garaşylýar.
Täze Zelandiýa Palestin döwletini ykrar etmegi göz öňünde tutýar
il y a 5 heures

Täze Zelandiýanyň Daşary işler ministri Winston Peters duşenbe güni beren beýannamasynda ýurdunyň Palestin döwletiniň ykrar edilmegini meselesini seljerýändigini aýtdy.

Peters, Ministrler kabinetiniň sentýabr aýynda bu mesele boýunça karar kabul etjekdigini we hökümetiň tutumyny BMG-nyň liderlerine hödürlejekdigini nygtady.

Awstraliýa, Britaniýa we Kanada ýaly birnäçe ýurt, soňky hepdelerde Palestin döwleti ykrar etjekdiklerini mälim edipdi.

Täze Zelandiýanyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň käbiriniň Palestin döwletini ykrar etmegi saýlap alandygyny aýdan Peters, emma Täze Zelandiýanyň garaşsyz daşary syýasat alyp barýandygyny ýatlatdy.

Peters “Bu meseläni giňişleýin seljermegi we Täze Zelandiýanyň gymmatlyklaryna, ýörelgelerine we milli bähbitlerine laýyklykda hereket etmegi meýilleşdirýäris” diýdi.

Täze Zelandiýanyň, Awstraliýanyň Premýer-ministri Entoni Albaneseniň ýurdunyň sentýabr aýynda geçiriljek BMG-nyň Baş Assambleýasynda Palestin döwletini ykrar etjekdigini mälim etmeginden soň  beren beýannamasy ünsleri özüne çekdi.

Awstraliýanyň Premýer-ministri Entoni Albanese “Awstraliýa, palestin halkyna öz döwletine eýe bolmak hukugyny berer” diýipdi we bu kararyň yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ýeke-täk çykalga bolandygyny sözleriniň üstüne goşupdy.

2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Fransiýa, Britaniýa we Kanada ýaly birnäçe ýurt Palestin döwletini ykrar edip biljekdiklerini mälim etdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us