Ýewropaly ýokary derejeli liderlerden ybarat topar bilen NATO-nyň Baş sekretary, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen Ukraina meselesindäki gepleşiklere gatnaşmak üçin duşenbe güni Waşingtona gider.
Gepleşige, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Italiýanyň Premýer-ministri Giorgia Meloni, Germaniýanyň Federal Kansleri Merz, Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksander Stubb, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen we NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte gatnaşar.
Nemes hökümeti saparyň çäginde Trampyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Alýaskada geçiren soňky duşuşygynda seljerlen ugurlaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny mälim etdi.
Nemes hökümetiniň metbugat sekretary Stefan Kornelius, “Federal Kansler Merz, döwlet we hökümet baştutanlary bilen parahatçylyk tagallary hakynda pikir alyşar” diýdi.
Kornelius gepleşiklerde howpsuzlyk kepilligi, ýer meselesi, Ukraina goranyş taýdan goldaw berilmegi we Russiýa edilýän basyş ýaly meseleleriň seljeriljekdigini sözleriniň üstüne goşdy.
Finlýandiýanyň Prezidenti Stubb, “Ukrainada parahatçylygyň ýola goýulmagy maksady bilen bir ýere jemlenişýäris”diýdi.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen, X sosial media paltformasyndan beren habarnamasynda ýekşenbe güni Zelenskiý bilen duşuşandygyny we Zelenskiýniň talabyna laýyklykda Ak Tamda geçiriljek gepleşiklere gatnaşmak üçin Waşingtona gitjekdigini mälim etdi.
Fransiýa bilen Italiýa hem Makron bilen Meloniniň Waşingtonda geçiriljek Ukraina gepleşiklerine gatnaşjakdyklaryny aýan etdi.
Britaniýanyň Premýer-ministri Starmeriň hem ABŞ-Ukraina gepleşiklerine gatnaşjakdygy tassyklandy.
Goldaw bermäge taýar
Britaniýanyň Premýer-ministri Starmer, ýewropaly ýaranlar bilen birlikde gepleşiklere taýardyklaryny we Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerini mälim etdi.
Anna güni Tramp bilen Putiniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda dowam eden duşuşygy 3 sagat dowam etdi.
Russiýanyň Prezidenti Putin duşuşykda ylalaşyk gazanandyklaryny mälim etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp hem duşuşykdan soň beren beýannamasynda “Bu işi Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen Ýewropaly liderler tamamlar” diýdi.
Tramp, Foks Nýus kanalyna beren beýannamasynda, Putin bilen esasy meseleler boýunça ylalaşyk gazanandygyny, diňe bir-iki sany möhüm meseläniň galandygyny aýtdy.