DÜNÝÄ
1 minut okamak
Beýik Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa Eýrana duýduryş berdiler
Beýik Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa ýaly ýurtlar Eýrana duýduryş berip: “Ýadro gepleşikleri başlamasa sanksiýalar giriziler” diýip bellediler
Beýik Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa Eýrana duýduryş berdiler
a day ago

Financial Times sişenbe güni neşir eden habaryna görä, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Beýik Britaniýanyň Tährana ýadro programmasy bilen bagly halkara jemgyýet bilen gepleşklerini ýaňadandan başlatman halatynda Eýrana garşy sanksiýalaryň ýaňadandan girizmäge taýýardyklary barada BMG-na habar berdiler.

Habara görä, E3 toparynyň daşary işler ministrleri BMG-a ýazan hatynda Eýran tarapyndan çäre görülmese sanksiýalaryň durmuşa geçirilip bilinjekdigi barada duýduryş berdiler.

Ministrler hatynda: “Biz Eýranyň 2025-nji ýylyň awgust aýynyň ahyryna çenli diplomatik çözgüt tapmaga taýýarlyk görmese ýa-da uzaltma mümkinçiliklerinden peýdalanmasa, E3 toparynyň gaýtadan sanksiýa mehanizmini işjeňleşdirmäge taýýardygymyzy aç-açan aýtdyk” diýip mälim etdiler.

Eýran bolsa öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini öňe sürýär.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us