Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Hytaýyň Týansin şäherinde geçirilýän ŞHG-nyň liderler sammitiniň çäginde Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Iki lider ŞHG-nyň 25-nji liderler sammitiniň çäginde bolan duşuşykda söwda, maýa goýum we sebitara durnuklylyk meselesi hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan ykdysady gatnaşyklaryň deňagramly maýa goýumlar bilen güýçlendirilmelidigini, diňe söwda gatnaşyklarynyň uzak möhletli durnuklylygy ýola goýup bilmejekdigini nygtady.
Mehanizmleri işjeň tutmak
Prezident R. T. Erdogan sebitara gatnaşyklary güýçlendirmek üçin Türkiýäniň Merkezi koridor başlangyjy bilen Hytaýyň Guşal-Ýol taslamasynyň arasyndaky utgaşyklygyň möhümdigini nygtady.

Iki tarap hem aragatnaşyk mehanizmlerini işjeň tutmak we guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşyk gazandy.
Ankara bilen Pekiniň arasyndaky strategik gatnaşyklara ünsi çeken Erdogan “Ýeke-täk Hytaý” syýasatyna goldaw berýändiklerini ýatlatdy.
Liderler duşuşykda Russiýa-Ukraina söweşi we Gazadaky gumanitar ýagdaý bilen Siriýa meselesi hakynda hem pikir alyşdy.