DÜNÝÄ
1 minut okamak
Atlantadaky Emori uniwersitetinde ýaragly hüjümçi täsirsiz ýagdaýa getirildi
Şaýatlar köp sanda atyşyk sesini eşidendiklerini aýdan bolsa, polisiýa gullugy hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.
Atlantadaky Emori uniwersitetinde ýaragly hüjümçi täsirsiz ýagdaýa getirildi
9 août 2025

Emori uniwersitetiniň Jorjiýa ştatyndaky merkezinde başdan geçirlen ýaragly hüjümden soň, adatdan daşary ýagdaý duýduryşy berildi. Şaýatlar köp sanda atyşyk sesini eşidendiklerini aýdan bolsa, polisiýa gullugy hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Resmileriň habar bermegine görä Atlantadaky Emori uniwersitetinde başdan geçirilen ýaragly hüjüm wakasynda şübhe astynda bolan adam täsirsiz ýagdaýa getirildi, bir howpsuzlyk gullukçysy bolsa ýaralandy.

Bu waka ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň (CDC) girelgesiniň golaýynda boldy. Federal gullugyň işgärleri oklaryň CDC binasynyň birnäçe penjiresine degendigini habar berdiler.

Emori uniwersiteti X platformasyndan beren beýanatynda, adamlaryň duran ýerlerinde galmaklary baradaky duýduryşyň aýrylandygy, sebitden uzak durmagyň zerurdygy habar berildi.

Jorjiýa ştatynyň baş prokurory Kris Karr: "Emori uniwersitetinden gelip gowuşan habarlara haýran galdyk we uniwersitet şäherçesiniň ähli agzalarynyň howpsuzlygy üçin dileg edýäris" diýdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us