DÜNÝÄ
1 minut okamak
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki restoranlaryň birinde ýaragly hüjüm guraldy
Resmiler ýaragly hüjümiň birnäçe adam tarapyndan guralandygyny habar berdiler.
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki restoranlaryň birinde ýaragly hüjüm guraldy
August 17, 2025

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň Bruklin etrabynyň Kraun-Haýts etrapçasyndaky “Taste of the City Lounge” atly restoranda guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy. Resmiler ýaragly hüjümiň birnäçe adam tarapyndan guralandygyny habar berdiler.

Ýekşenbe güni daňdan Nýu-Ýork şäheriniň Bruklin etrabynyň Kraun-Haýts etrapçasyndaky “Taste of the City Lounge” atly restoranda, restoran ýapyljak bolan mahaly “birnäçe ýaragly adamyň” ot açmagy netijesinde 3 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy.

Nýy-Ýorkyň Polisiýa departamentiniň komissary Jessika Tiş metbugata beren beýanatynda, polisiýa gullugynyň işgärleriniň Kraun-Haýts etrapçasyndaky “Taste of the City Lounge” atly restoranda sagat 03:30-dan öň ýaragly hüjümiň guralandygy barada maglumat alandyklaryny mälim etdi.

Ýogalan adamlaryň arasynda 27 bilen 35 ýaşda bolan 2 erkek bilen, entek ýaşy anyklanmadyk ýene-de bir erkek adamyň bardygy aýan edildi.

Ýaralanan 8 adam bolsa golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndylar, emma resmiler ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýlary barada bolsa jikme-jik maglumat bermediler.

Polisiýa gullugy waka bilen bagly derňew işini başlatdy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us