DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýyl Gazadaky hususy pudaga harytlaryň girmegini ýeňilleşdirjekdigini aýdýar
Palestiniň Saglygy goraýyş ministrligine görä, 27-nji maýdan bäri Gazadaky ynsanperwer kömek merkezleriniň golaýynda Ysraýylyň od açmagy sebäpli kömek almaga gelen azyndan 1516 adam ýogaldy, 10 müň 67 adam ýaralandy.
Ysraýyl Gazadaky hususy pudaga harytlaryň girmegini ýeňilleşdirjekdigini aýdýar
2025年8月5日

Ysraýylyň Ministrler kabineti, gabaw astyndaky Gazadaky hususy pudaga tapgyrlaýyn we gözegçilikli ýagdaýda harydyň girmegini ýeňilleşdirýän mehanizmi tassyklady.

Gaza goýlan gabawyň düzgünlerini ýerine ýetirýän Ysraýylyň JOGAT atly harby gullugy, sişenbe güni beren beýanatynda “Bu mehanimiz, BMG we halkara guramalar tarapyndan berlen we Gaza girýän kömekleriň möçberini artdyrmagy maksat edinýär” diýdi.

Beýanatda, täze mehanizmiň çäginde çäkli mukdarda bolsada hususy pudaga harytlaryň girmeginiň ýeňilleşdiriljekdigi nygtaldy.

Ysraýylyň gabawy sebäpli 2,4 million ilata eýe bolan Gaza açlygyň bosagasyna çenli geldi.

Saglygy goraýyş ministrligine görä, 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri 93-i çaga jemi 180 adam açlyk we iýmit ýetmezçiligi sebäpli aradan çykdy.

Palestin hökümetiniň metbugat gullugy, duşenbe güni beren beýanatynda Ysraýylyň 27-nji iýuldan bäri diňe 674 ynsanperwer kömek konteýneriniň sebite girmegine rugsat berendigini mälim etdi. Gazanyň halky üçin günde ortaça 600 konteýnerlik ynsanerwer kömegi gerek.

Saglygy goraýyş ministrligi, 27-nji maýdan bäri Gazadaky ynsanperwer kömek merkezleriniň golaýynda Ysraýylyň od açmagy sebäpli kömek almaga gelen azyndan 1516 adamyň ýogaldygyny, 10 müň 67 adamyň hem ýaralandygyny mälim etdi.

Halkara çagyryşlara gulak asmaýan Ysraýylyň harby goşuny 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 61 müň palestinlini öldürdi.

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli sebit harabalyga öwrüldi.

Halkara jenaýat kazyýeti geçen ýylyň noýabr aýynda Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen ozalky Goranmak ministri Ýoaw Gallandyň Gazadaky harby jenaýatlary sebäpli tussag edilmegi boýunça karar kabul edipdi.

Ysraýyl hakynda Halkara Adalat diwanynda hem genosid işi gozgalypdy.

 

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us