Döwlet habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Eýran çarşenbe güni aýry-aýry kazyýet işlerinde iki adama ölüm jezasyny berdi. Biri Ysraýyl üçin içalylyk etmekde, beýlekisi DAIŞ guramasynyň agzasy bolmakda aýyplanýardy.
Kazyýet habar saýty Mizanonline tarapyndan berlen habara görä, Ysraýylyň aňtaw gullugy Mossada gizlin maglumatlary geçirmekde günäkärlenýän adamyň adynyň Ruzbeh Wadidigi habar berildi.
Habarda resmileriň Ruzbeh Wadiniň iýun aýynda Ysraýylyň Eýrana garşy guran howa hüjümlerinde öldürilen eýranly ýadro alymy barada maglumat ýaýradandygy mälim edildi. Ady agzalan alymyň şahsyýeti ýa-da Ruzbeh Wadiniň haçan we nirede göz tussaglygyna alynandygy barada bolsa maglumat berilmedi.
Ruzbeh Wadi Mossad-yň resmileri bilen Awstriýanyň Wena şäherinde 5 aýry gezek duşuşyk geçirendigi aýan edildi.
Ysraýyl iýun aýynda Eýranyň ýokary derejeli generallaryny we ýadro alymlaryny nyşana alýan 12 günlük howa hüjümini amala aşyrdy, Eýran raketa we uçarmansyz howa ulaglary bilen garşylyk görkezipdi.
Ysraýylyň hüjümlerinde ýokary derejeli harby ýolbaşçylar, ýadro alymlary we ýüzlerçe adam ýogalypdy. Hüjümlerde hem harby hem-de ýaşaýyş ýerleri nyşana alynypdy.
Ýerli metbugatyň habaryna görä, hüjümlerde azyndan onlarça ýadro alymy öldürildi.
Eýran uruşdan soň Ysraýyl bilen hyzmatdaş bolmakda güman edilip tussag edilenler üçin gysga wagtyň içinde kazyýet işlerinin geçiriljekdigi barada wada berdi.
Mizanonline tarapyndan berlen habara görä, Eýran çarşenbe güni sabotaj meýilleşdirmekde günäkärlenýän bDAIŞ-iň ýene-de bir agzasyny jezalandyrdy.
Habarlara görä, resmiler Mehdi Aghazadeni DAIŞ guramasynyň agzasy bolmakda aýyplaýarlar. Habar berişlerine görä, Aghazade Siriýada we Yrakda harby tälim alandan soň dört adamlyk topar bilen Eýrana bikanun ýagdaýda girendigi we şol toparyň Eýranyň howpsuzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşykda öldürilendigi beýan edildi.