Ukrainanyň Türkiyedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kiýewiň Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň uruşdan ejir çeken ýurda sapar guramak üçin iş alyp barýandygyny aýtdy.
Ukrainanyň Türkiyedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nariman Jelýalow duşenbe güni RBC-Ukraina habar gullugyna beren interwýusynda, Kiýewiň şeýle saparyň gurulmagy ugrunda işler alyp barýandygyny we bu saparyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan Russiýa-Ukraina urşundan bäri Erdoganyň ilkinji sapary boljakdygyny aýtdy.
Türkiyäniň prezidenti soňky gezek 2022-nji ýylyň awgust aýynda ýurduň gündogaryndaky Lwow şäherine iş sapary bilen barypdy.
Nariman Jelýalow ynanç hatyny gowşuran mahaly Erdogan bilen geçiren söhbetdeşligini göz öňünde tutup: “Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý çakylyk iberdi we men hem geçen aýyň başynda Türkiyäniň Prezidenti bilen geçiren duşuşugymda şol çakylygy berdim” diýip habar berdi.
Ykdysady Gatnaşyklar
Nariman Jelýalow saparyň gurulmagynyň uly tagallalary talap edýändigini we “onuň amala aşyrylmagyna päsgel berýän köp meseleleriň bardygyny” aýdyp, iki ýurduň arasynda erkin söwda ylalaşygynyň tassyklanmagynyň saparyň esasy meselesi bolup biljekdigini belledi.
Nariman Jelýalow: “Bu ylalaşyk biziň işewürlerimiziň köp bölegi üçin möhüm, emma käbirleri üçin bäsdeşligiň artmagy sebäpli alada döredip biler. Şeýle-de bolsa, bu syýasy karar. Prezident Zelenskiý bu ylalaşygy Erdoganyň sapary wagtynda tassyklamagy teklip etdi. Bu bolsa güýçli we nyşanlaýyn ädim bolardy” diýdi.
Türkiyäniň resmileri Jelýalowyň bu beýanaty barada entek hiç hili beýanat bermediler.
Ankara geçen ýylyň awgust aýynda 2022-nji ýylyň 3-nji fewralynda Kiýew bilen gol çeken erkin söwda ylalaşygyny tassyklapdy.
Türkiye, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda araçylyk roluny öz üstüne alyp, urşuň ilkinji aýlarynda parahatçylyk gepleşiklerine ýer eýeçilik edipdi. Stambul soň bolsa şu ýylyň 16-njy maýynda, 2-nji iýunynda we 23-nji iýulynda iki tarapyň arasynda täze gepleşiklere ýer eýeçiligini edipdi.