Prezident R. T. Erdogan, Türk Ýaragly güýçleriniň 9 ýyl ozal başdan geçirlen agdarlyşyk synanşygynyň basylyp ýatyrlan döwrü bilen deňeşdirilende has güýçlidigini nygtady.
Prezident Erdogan şenbe güni paýtagt Ankarada geçirlen Milli Goranyş uniwersitetiniň talyplarynyň gutardyş dabarasynda eden çykyşynda, Türk Ýaragly güýçleriniň uly öňe gidişlik edendigini nygtady.
Erdogan, Türkiýäniň harby goşunyna hünärmen, tälim, harby enjam we tehnalogiýa taýdan goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.
Prezident Erdogan “Şu hepde ASELSAN tarapyndan öndürlen 47 ulagdan ybarat polat gümmez ulgamlaryny harby goşunymyza tabşyrdyk. Mawy Watan Teknofestiň çäginde Türk deňiz güýçleriniň güýjüne göz ýetirdik” diýdi.

Güýçli gatnaşyklar
Prezident R. T. Erdogan, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Asadyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň Siriýa bilen harby taýdan edilýän gatnaşyklaryň ösmäge başlandygyny nygtady.
Erdogan, Türkiýäniň goňşy ýurt Siriýa bilen harby tälimiň başdan durmagynda birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çekdi.
2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynda 253 adam ýogalypdy, 2 müň 734 adam hem ýaralanypdy.
FETÖ atly terror guramasy Türkiýede agdarlyşyk etmäge synanşypdy.
