ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukrainanyň parahatçylygy tagallalary bilen baglanyşykly iki hepdäniň içinde "möhüm" karara geljekdigini aýtdy, bu kararyň Moskwa agyr sanksiýalary girizmegi ýa-da asla hiç zat etmezligi öz içine alyp biljekdigini habar berdi.
Tramp anna güni Tegelek ofisde metbugat işgärlerine beren beýanatynda, penşenbe güni Russiýanyň Ukrainada ABŞ-na degişli fabrige hüjüm guramagyndan “şat däldigini” belledi we “Bu uruş bilen bagly hiç zada şat däldirin” diýip nygtady.
Muňa garamazdan, Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň ilki bilen özara duşuşyk geçirip-geçirmejekdigini görmek isleýändigini aýtdy.
Iki hepdelik möhletiň ahyrynda näme etjekdigi bilen bagly soraga Prezident Tramp: "Men näme etjegimizi bilýärin öýdýärin. Russiýanyň we açyk ýagdaýda Ukrainanyň çemeleşmesini düşünerin öýdýärin. Bu iki tarap üçinem zerur" diýdi.
Tramp: "Soňra näme etmelidigimi kesgitlärin we bu gaty möhüm karar bolar. Bu agyr sanksiýalar, agyr nyrhlar ýa-da ikisi bolarmy? Ýa-da hiç zat etmän: Bu siziň urşuňyz diýerismi" diýdi.
Anna güni beren beýanatynda Tramp Zelenskiý-Putin sammitini geçirmegiň ýag bilen sirkäni garyşdyrmak ýaly kyndygyny aýdypdy.